Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
MILLI LIDERIMIZIŇ “TÜRKMENISTAN — BITARAPLYGYŇ MEKANY” ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
Ýazylan wagty: 15 декабря 2020 Ýazan Merwww
         MILLI  LIDERIMIZIŇ  “TÜRKMENISTAN — BITARAPLYGYŇ  
MEKANY” ATLY  TÄZE  KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
                             
5-nji dekabrda Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabaranyň öň ýanynda teatryň artistleriniň joşgunly ýerine ýetirmeginde edebi-sazly çykyşlar boldy, olarda dürli milletleriň wekilleriniň keşplerinde türkmen halkyny we onuň Liderini Halkara Bitaraplyk güni bilen gutladylar.

Tanyşdyrylyş çäresine gatnaşyjylar bu neşiriň sahypalarynda Diýarymyzyň iň täze taryhynyň möhüm wakalarynyň beýan edilýändigini hem-de onuň Bitaraplyk derejesinde ösüşiniň tapgyrlaryna düýpli seljerme berilýändigini nygtadylar.

Milli Liderimiz ylmy çemeleşme esasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmekde Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti baradaky garaýyşlaryny beýan edýär. 

“Biz bu ýoly, ilkinji nobatda, öz milli bähbitlerimizden ugur alyp saýlap aldyk. Şonuň bilen birlikde, Ýer ýüzüniň ähli doganlyk halklarynyň bähbitlerini göz öňünde tutduk. Ähli halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge we belent hem-de ajaýyp işi durmuşa geçirmäge çalyşýandygymyzy beýan etmek isledik” diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki döwrüň ählumumy meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlarynyň aýratyn uly ähmiýeti bellenildi. 

Alymlar “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly kitabyň häzirki zaman taryhy ylmynyň, filosofiýanyň we syýasatşynaslyk ylmynyň ösüşine aýratyn uly goşant goşjakdygyny belläp, milli Liderimiziň eseriniň bu ugurlarda täze ylmy barlaglara itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň meşhur sungat ussatlarynyň çuňňur duýgulara beslenen çykyşlary Bitaraplyga hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we türkmen halkyna sena bolup ýaňlandy.

Çärä gatnaşyjylar “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” kitabynyň diňe bir taryh barada bolman, eýsem, onuň geljegi nazarlaýandygy barada bir pikire geldiler. Bu eser halklary geljekki abadançylygyň hatyrasyna birleşdirýän ynsanperwer ýörelgeleriň mizemez ähmiýetini okyjylara ýetirmäge gönükdirilendir. Täze kitap ýaş nesiller üçin pähim-parasadyň we bilimleriň möhüm çeşmesi bolup hyzmat eder we her bir türkmenistanlynyň ýankitabyna öwrüler.

Ýurdumyzyň Baş drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze eserinden parçalar ýaňlandy. Bu ýere ýygnananlar mähriban Watanymyzyň şöhratly geçmişi, döredijilikli şu güni we nurana geljegi baradaky ajaýyp setirleri aýratyn joşgun bilen kabul etdiler.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Hoşallyk ýüzlenmesini kabul etdiler. Olar milli Liderimiziň adyna Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hem-de “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly kitabyň neşir edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan edip, döwlet Baştutanymyza gyzyklanma bildirýän ýurtlar we halklar bilen alyp barýan parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli syýasaty üçin tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.



Okalan sany: 43   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06183 sek. ýüklenen baýt: 35114