Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
KUBOK AŞGABATLY TENNISÇILERDE GALÝAR
Ýazylan wagty: 25 ноября 2013 Ýazan NEXTTM
KUBOK AŞGABATLY TENNISÇILERDE GALÝAR


Aşgabat, 24-nji noýabr (TDH). Şu gün köpugurly Aşgabat sport toplumynda tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşikleriň final oýunlary geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden tennisçileriň 100-e golaýy gatnaşdy. Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen Milli tennis merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşlarda paýtagtymyzyň tennisçiler ussatlyk görkezdiler. Olary sportuň bu görnüşi boýunça öňde barýarlar. Aýallaryň we erkekleriň arasynda ýekelikde we jübütlikde geçirilen oýunlarda aşgabatly tennisçiler çempion diýen derejä mynasyp boldular.

Aýallaryň arasynda geçirilen bäsdeşliklerde ýurdumyzyň birinji raketkasy, halkara derejeli sport ussady Anastasiýa Prenko ýeňiji boldy. Ol ýekelikde we jübütlikde geçirilen ýaryşlarda altyn medallara mynasyp boldy. Jübütlikde geçirilen bäsleşikde ol Güljahan Kadyrowa bilen bilelikde oýnady.

Munuň özi Anastasiýanyň Türkmenistanyň kubogy ugrunda geçirilýän bäsleşiklerdäki bassyr 9-njy ýeňişidir. 20 ýaşly bu tennisçi paýtagtymyzdaky Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň talybydyr. Ol milli bäsleşiklerde 12 ýaşdan başlap çykyş edýär we bir gezegem ýeňilmedi. Onuň jübütleýin geçirilen bäsleşikdäki ýoldaşy hem şol ýokary okuw mekdebinde okaýar.

Erkekleriň arasynda geçirilen final oýunlarynda ýekelikde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» sport klubunyň wekilleri Georgiý Poçaý we Aleksandr Manuhin duşuşdylar. Bu bäsleşik 2,5 sagatdan gowrak wagta çekdi. Netijede 6:3, 3:6,, 8:6 hasap bilen G.Poçaý ýeňiş gazandy. Ol jübütleýin bäsleşikde hem ýeňiji bolup, altyn medala mynasyp boldy. Onuň ýoldaşy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasynyň işgäri Eziz Döwletow boldy.

Şu ýylyň 12-20-nji dekabry aralygynda köpugurly «Aşgabat» sport toplumynda ýene bir milli bäsleşik geçiriler. Oňa tutuş ýurdumyzdan saýlama tennisçiler gatnaşarlar. Onda Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky bäsdeşlik ýaýbaňlandyrylar. Baýraklar üç ýaş toparlary esasynda gowşurylar. Olaryň hatarynda 10 we ondan kiçi ýaşlylar, 13 ýaşa çenliler we 14 we ondan uly ýaşly türgenler bar.
Okalan sany: 415   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
25 ноября 2013

BEREKELLA !

asmandakebelejik
26 ноября 2013

 URRA URRA URRAgood


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06130 sek. ýüklenen baýt: 32300