Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Şährihaýbaryň täsin monjuklary
Ýazylan wagty: 17 декабря 2020 Ýazan Merwww
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň aýratyn ünsi netijesinde halkymyzyň milli mirasymyzy gorap saklamakda hem-de wagyz etmekde, ýurdumyzyň medeniýetiniň maddy binýadyny ösdürmekde uly netijeler gazanyldy. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak boýunça ÝUNESKO-nyň Konwensiýasyna goşulyşmak bilen, dünýä siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan taryhy-medeni gymmatlyklarymyzy dünýä wagyz etmek, geljekki nesillere ýetirmek üçin gorap saklamak babatda giň gerimli işleri durmuşa geçirýär.

Alym Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň medeni-ruhy gymmatlyklary, milli mirasy hem-de taryhy ýadygärlikleri düýpli öwrenilýär we il-ulsumyzyň arasynda giňden wagyz edilýär. Bu zergärçilik sungaty babatda aýdylanda hem şeýledir. Zergärçiligiň döreýiş gözbaşlary şöhratly taryhymyzyň çuňluklaryna aralaşýar. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýüze çykarylan arheologik tapyndylar munuň şeýledigini tassyklaýar. Şeýle gymmatlyklara baý ýadygärlikleriň biri hem Şährihaýbardyr. Bu ýadygärlik Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň merkezinden 10 kilometr demirgazykda, häzirki «Gökdepe» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýär.

Beýik Ýüpek ýolunyň Nusaý — Gürgenç şahasynyň ugrunda ýerleşen Şährihaýbar ýadygärligi Türkmenistanyň taryhynda görnükli orny eýeleýär. Şonuň üçinem, onuň taryhyny we medeniýetini köptaraplaýyn öwrenmek derwaýysdyr. Şoňa laýyklykda, häzirki wagtda bu ýerde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary tarapyndan gazuw-barlag işleri geçirilýär. Şährihaýbar arheologiýa ýadygärligini düýpli öwrenmek, onuň düýbüniň haçan tutulandygyny, onda haýsy döwürde ýaşaýşyň bolandygyny anyklamak wajyp meseleleriň biri bolup durýar.

Şährihaýbar ýadygärliginiň taryhyny we ýyl ýazgysyny öwrenmekde esasy ornuň arheolog alymlaryň paýyna düşýändigini bellemelidiris. Alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, bu şäher IX asyryň birinji ýarymynda döräpdir hem-de XIII asyryň başlaryna çenli özüniň ösüşini dowam etdiripdir. Ýazuw çeşmeleriniň maglumatlarynyň derňewleriniň doly derejede däldigi ýadygärligiň taryhyny jikme-jik we ylmy esasda öwrenmäge mümkinçilik bermeýär. Emma bularyň hemmesi çeşme öwreniş esaslaryny giňeltmek, ylmy dolanyşyga girizilýän taryhy çeşmeleri köpeltmek meselesini orta atýar.

Şährihaýbaryň umumy tutýan meýdany 9 gektar töweregidir. Ýadygärlik üç bölekden (ark, şähristan we rabad) ybarat bolup, onuň içki galasy (arky) üstüniň diametri 60 — 70 metre barabar bolan tegelek görnüşli depedir. Onuň belentligi ýanaşyk ekin meýdanlarynyň derejesinden 10 — 11 metr ýokarydyr. Gazuw-barlag işleri ýadygärligiň gündogar böleginde, gala diwarynyň hem-de oňa ýanaşyk gurlan binagärlik galyndylarynyň üsti açylar ýaly, 5x15 metr ölçegde alnyp baryldy.

Şährihaýbar ýadygärliginde geçirilen arheologiýa barlaglarynyň dowamynda ýüze çykarylan tapyndylaryň arasyndaky aýna, metal önümleriniň, syrçasyz we dürli reňklerdäki syrçaly küýze önümleriniň, bezeg önümlerine degişli bolan monjuklaryň orta asyrlara degişlidigi kesgitlendi. Maddy medeniýetimize degişli bolan tapyndylaryň arasynda bezeg önümleri aýratyn orun eýeleýär. Bezeg önümleriniň içinde dürli görnüşdäki monjuklary ýasalan çig maly boýunça tapawutlandyryp, toparlara bölmek bolýar. Olaryň arasynda aýnadan, daşdan, süňkden hem-de keramikadan sünnälenip nepislik bilen ýasalan monjuklara duş gelmek bolýar.

Häzirki wagta çenli gazuw meýdançasy 2,5 metr çuňluga ýetirildi we medeni gatlak aşaklygyna dowam edýär. 1,8 — 2,5 metr çuňluk aralygynda geçirilen barlaglaryň dowamynda daşdan, keramikadan hem-de süňkden ýasalan iki monjuk ýüze çykaryldy.

Şeýle hem monjuklaryň iň köp ýaýrany kaury balykgulagyndan ýasalypdyr. Kaury balykgulagy Hindi ummanynyň kenaryndan getirilipdir. Onuň gadymy döwrüň daş asyryndan başlap orta asyrlara çenli uzak wagtyň dowamynda bezeg hökmünde ulanyşda bolandygyny dürli ýadygärliklerden tapylan monjuklar subut edýär. Bu bolsa şol döwürlerden bäri ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen söwda aragatnaşygyny ýola goýandygyny tassyklaýar.

Orta asyr şäherçesi bolan Şährihaýbar ýadygärliginde geçirilen arheologiýa barlaglarynyň netijesinde daşdan ýasalan monjuklaryň hem birnäçe görnüşi ýüze çykaryldy. Olaryň arasynda silindr görnüşli, gyzylymtyl goňur reňkli monjuk örän täsindir. Monjugyň gyzyl nokatly we tegmilli şekilleri oňa aýratyn görk berýär. Mundan başga-da, ýadygärlikden ýüze çykarylan tapyndylaryň arasynda daşdan ýasalan tegelek görnüşli monjuk hem ünsüňi özüne çekýär. Ol agymtyl reňkde bolup, içi görünýän görnüşdedir. Onuň merkezinde ýüpe sapmak üçin niýetlenip ýörite deşilen göni deşik hem bar. Bu bolsa onuň şol döwürde zenanlarymyza niýetlenip ýasalan bezeg şaýy bolandygyna güwä geçýär.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda «Zergärçilik — owazy aýdyma öwrülen şelpeleriň sungaty» diýmek bilen, «Zenanlaryň sadapdan düzülen monjuklary dürli öwüşginli reňbe-reň älemgoşary ýadyňa salýan owadan sepleriň biridir. Olar nagyş görnüşinde birnäçe setir edip sapaga düzülýär. Şeýle monjuga «damakgarga», «damaksa», «gargalyk» hem diýilýär» diýip belläp geçýär.

Orta asyrlara degişli ýazuw çeşmelerinde aýna önümçiligi barada anyk maglumatlar berilmeýär. Şoňa görä-de, aýna önümleriniň taryhyny öwrenýän görnükli alym Ý.L. Şapowa arheologiýa maglumatlaryň bu ugurda esasy çeşmedigini aýdyp geçýär. Şeýle-de, ol aýnanyň öndürilişiniň hem-de durmuşda ulanylyşynyň taryhynyň hut şol maglumatlar esasynda täzeden dikeldilendigini belleýär. Şährihaýbar ýadygärliginde aýna önümlerine degişli bölekler bilen birlikde aýnadan ýasalan monjuklar hem tapyldy. Olar ýaşyl, gök we sary reňklerde bolup, halka görnüşli ýasalan monjuklardyr. Olardan ýaşyl reňkli monjuk ýadygärligiň XII asyra degişli medeni gatlagyndan keramiki önümler bilen birlikde tapyldy. Şoňa meňzeş halkaly monjuklaryň birnäçe görnüşi Şähryslamda hem ýüze çykaryldy we olar XII–XIII asyra degişli diýlip hasaplanylýar.

Şährihaýbar ýadygärliginde ýüze çykarylan tapyndylaryň arasynda keramikadan ýasalan monjuklara hem köp duş gelmek bolýar. Olaryň köpüsi kaşinden ýasalyp, üsti pöwrize reňkli syrça bilen syrçalanypdyr. Kaşin – çig mal hökmünde ulanylan ak reňkli palçykdan ýasalan keramiki önümiň bir görnüşi bolup, özüniň berkligi bilen tapawutlanýar. Şeýle häsiýetli monjuklar Günorta Türkmenistanda giňden meşhurlyga eýe bolupdyr. Kaşin monjugynyň şular ýaly görnüşleri Şähryslam ýadygärliginiň içki galasyndan hem ýüze çykaryldy. Şähryslam hem-de Şährihaýbar ýadygärliklerinden şeýle meňzeş monjuklaryň tapylmagy olaryň özara baglanyşygyna we beýleki orta asyr şäherleri bilen medeni-söwda gatnaşyklarynyň gülläp ösendigine şaýatlyk edýär.

Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan gymmatlyklar Şährihaýbar ýadygärliginiň taryhyny, ol ýerde ýaşan gadymy oturymly ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, jemgyýetiň medeni ösüşini öwrenmekde ähmiýetli maglumatlary berýär. Gazuw geçirilen meýdançadan köp mukdarda keramika bölekleriniň ýüze çykarylmagy ol ýerde senetçiligiň giňden ösendigine şaýatlyk edýär.

Bu tapyndylaryň ählisi sebitdäki döwürdeş ýadygärliklerde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan maglumatlar bilen deňeşdirilip, Şähryslam, Dehistan we Paryzdepe ýadygärliklerinden tapylan monjuklaryň Şährihaýbar ýadygärliginiň monjuklary bilen kybapdaşdygy anyklanyldy.

Umuman, gazuw-agtaryş meýdançasyndan tapylan bezeg önümleri belli bir taryhy döwre, ýagny ösen orta asyrlara degişli bolup, esasan, XII–XIII asyrlar bilen senelenýär. Şährihaýbarda şol taryhy döwürde ýaşaýşyň bolandygyny orta asyr ýazuw çeşmeleriniň maglumatlary hem tassyklaýar. Orta asyr arap taryhçysy Makdisiniň, Orta Aziýa taryhçysy As-Samanynyň, arap geografy Ýakut Hamawynyň eserlerinde bu şäher birnäçe gezek ýatlanylýar we Şähristan diýlip atlandyrylýar.

Şeýlelikde, Şährihaýbar ýadygärliginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda ýüze çykarylan bezeg önümleri orta asyrlara degişli taryhy-medeni ýadygärlikleriň medeniýetini we sungatyny öwrenmekde uly ähmiýete eýedir. Şeýle hem bu tapyndylar Şährihaýbaryň beýleki döwürdeş ilatly ýerler bilen ysnyşykly medeni-söwda gatnaşykda bolandygyna doly şaýatlyk edýär.
Okalan sany: 309   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08146 sek. ýüklenen baýt: 37583