Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Üç eplenýän akylly telefonyny hödürledi
Ýazylan wagty: 17 декабря 2020 Ýazan Merwww
«Oppo» kompaniýasy üç epläp bolýan geljekki döwrebap «Oppo Find X3 Pro» atly akylly telefonyny hödürledi. Bu akylly telefon «Slaýdfon» diýip atlandyryldy. Telefonyň şekili Hytaýyň markasy we Ýaponiýanyň «Nendo» studiosy bilen bilelikde işlenip düzüldi. Bu telefony üç bölege epläp, dürli göwrüme laýyk getirip bolar, hatda eliňiziň aýasyna sygjak derejesine çenli kiçeldip hem bolar. Birinji bölegi 1,5 dýum ekranly bolup – onda ulanyjy sagat, telefon jaňlaryny, sms habarlaryny we beýleki bildirişleri görüp biler. Ikinji bölegi 3,15 dýum ekrandan ybarat bolup, oýun we surat, wideo düşürmek funksiýalaryny ulanyp bolar. Jemleýji üçünji böleginiň ekrany bolsa 7 dýuma barabar bolup, onda eýýäm bu telefonyň ähli funksiýalary açylyp görkeziler. «Oppo Find X3 Pro» akylly telefony Snapdragon 888 sistemasynyň esasynda işlär. Onuň esasy kamerasy 50, 50, 13 we 3 Mp barabar bolar. Güýç kuwwatynyň göwrümi 4.500 ampera deň bolar. Bu üýtgeşik telefonyň tanyşdyrylyş dabarasy 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda bolmagyna garaşylýar.
Okalan sany: 308   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07030 sek. ýüklenen baýt: 29439