Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
Ursa, sögse, horlasada il ýagşy
Ýazylan wagty: 18 декабря 2020 Ýazan NEXTTM
Ursa, sökse, horlasada il ýagşy diýen sözden ugur alyp, öz ýaşaýan ýeriňden nägile bolmazlyk düşünjesi biz türkmenlerde irteden bäri bar. Biziň eneden dogulyp, kemala gemegimiz üçin döwletimiziň biz barada edýän aladasy az däl. Mundan daşary bize ýakyn bolan adamlar bolan ene-atamyz, goňşy-golamlarymyz, aga-ini garyndaşlarymyz, ýaşaýan obamyzyň adamlary, synpdaşlarymyz, kursdaşlarymyz ýaly adamlar hem bize dürli döwürlerde goldaýarlar. Şu barada oýlanyp otursaň, özümiziň köp adamyň, şol sanda döwletimiziň we halkymyzyň öňünde hem borçlydygymyz ýadymyza düşýär.
Edil magtawly ýurtlarda, adamyň kemala gelişi ýaly, biz hem şolardan kem däl halda öz ýurdymyzda ulalyp adam bolýarys. Biziň boýy-syratymyz, akyl-huşumyz şol ösen diýip hasaplanýan ýurtlaryn raýatlaryndan kem ýeri ýok.
Öz ýurdyň gadyryny bilmek üçin, özge ýurtlaryň raýatlarynyň öz hal-ýagdaýy baradaky sözlerini diňläp, many çykaryp görüň. Örän köp ýurtlaryň raýatlary özleriniň ýaşaýyşynyň kyndygyny aýydýar.
Köp ýurtlarda uruş, dawa, jenjel. Ýen bir ýurtlarda ogurlanan, satylan adamlar. Migrantlar, bosgunlar. Tebigy betbagtçylyklar. Müňlerçe nägile adamlar köçelerde ýakalaşyp, basa-bas bolup ýörler. Bu hili ýaramaz ýagdaýyň öz ýurdyňyzda ýokdugyny görüp dursyňyz. Diýmek bu size mümkinçilik. Okamak üçin,ýaşamak üçin, döretmek üçin.
Gowy jaýda ýaşamak üçin, gowy jaýy gurmaly boluşy ýaly, gowy ýurtda ýaşamak üçin, ýurdyň ösüşine öz goşandyňyzy goşmalydygyny hem ýatdan çykarmaly däl. Sebäbi siz şu ýurdyň raýaty.
Eger haýsydyr bir ýurdyň raýatlary bizden gowy ýaşaýar diýip, subut etjek bolsaňyz ýatdan çykarmaň, olaryň gowy ýaşaýyşyny şu ýurdyň öz raýatlary üpjün etdiler.
Okalan sany: 57   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08568 sek. ýüklenen baýt: 30611