Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Futbol taryhynyň iň gowy simwolik düzümi
Ýazylan wagty: 18 декабря 2020 Ýazan NEXTTM
Dünýä belli “France Football” žurnaly ähli döwürleriň iň gowy simwolik ýygyndysyny, ýagny “Ballon d’OR Dream Team”-i mälim etdi. Dünýäde 140 žurnalistiň ses bermegi esasynda düzülen toparda derwezeçi hökmünde Lew Ýaşin (Russiýa) saýlandy. Toparyň goragçylaryny Paolo Maldini (Italiýa), Frans Bekkenbauer (Germaniýa), Markos Kafu (Braziliýa), ýarymgoragçylaryny Hawi Hernandes (Ispaniýa), Lotar Matteus (Germaniýa), Diego Maradona (Argentina) hem-de Pele (Braziliýa) düzýär. 3-4-3 taktiki shemasy esasynda düzülen toparyň hüjümçileri-de Kristiano Ronaldo (Portugaliýa), Luiz Ronaldo (Braziliýa) hem-de Lionel Messi (Argentina) boldy.

Çeşme: zamaturkmenistan.com
Okalan sany: 304   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06995 sek. ýüklenen baýt: 29274