Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Ýerden başga saýýarada ýaşaýyş barmyka?
Ýazylan wagty: 18 декабря 2020 Ýazan Merwww
Ýerden başga saýýarada ýaşaýyş barmyka?

Köp ýyllyk barlaglardan soň alymlar munuň bolmagy ähtimal diýen netijä geldiler.

Waşington döwlet uniwersitetiniň alymy Dirk Şulse-Makuhyň ýolbaşçylygynda ýazylan täze ylmy işde ýerden uly, göwrümliräk, ýylyrak we belki, suwy hem köp ýaşaýyşy bar bolan saýýaralaryň häsiýetleri beýan edilýär. Iş «Astrobiology» žurnalynda çap edildi. Bu barada «rwspace.ru» ýazýar.

Alymlar ýaşaýyş bar diýip aýdylmaga «dalaşgär» saýýaralaryň 24-sini ýüze çykardylar. Olaryň hemmesi hem Ýerden 100 ýagtylyk ýylyndan köp uzaklykda ýerleşýärler. Şulse-Makuh barlag işini Jeým Uebiň älem teleskopy, «LUVIOR» älem obserwatoriýasy we «PLATO» älem teleskopy bilen synlamak boýunça alnyp barylýan işler geljekki tagallalary jemlemäge ýardam eder diýip nygtaýar.

«Älem teleskoplaryň maglumatlarynyň peýda bolmagy bilen biz köp maglumat alarys, şonuň üçin hem, saýýaralary saýlap almak möhüm» diýip, Waşington döwlet uniwersitetiniň hem-de Berlindäki Tehniki uniwersitetiň professory Şulse-Makuh belledi we: «Biz ünsümizi çylşyrymly ýaşaýyş üçin şert bolmagy mümkin diýlen saýýaralarda jemlemeli. Şol bir wagtyň özünde biz ikinji Ýeriň gözleginde çümüp galmakdan ägä bolmaly. Sebäbi ýaşamak üçin biziň saýýaramyzdakydan hem has amatly ýerleriň bolmagy mümkin» diýip, üstüne goşdy.

Saýýaralarda ýaşaýyş gözlemekde tejribe toplan geobiolog Şulse-Makuh barlag geçirmek we ýokary ýaşaýşyň kriterilerini anyklamak hem-de biziň Gün ulgamymyzyň çäklerinden daşardaky mälim bolan 4500 ekzosaýýarada (ekzoplanetada) gözleg geçirmek üçin astronomlar: Maks Plank adyndaky gün ulgamyny barlag Institutynyň işgäri Rene Heller we Wilanow uniwersitetiniň işgäri Edward Ginan bilen işläp başlady. Ýaşamak üçin ýaramlydygy ol ýerde ýaşaýşyň bardygyny aňlatmaýar. Düzülen modele laýyklykda, ol diňe ýaşamaga mümkinçilik berýän şertlerdir.

Alymlar öwrenmek üçin öz ulgamynda aýlanyp ýören, suw bar diýip çaklanylýan we özüniň hossar ýyldyzynyň ýeterlik derejede «mähirli» garaýan ýer toparyna çalymdaş bolan saýýaraly saýýara ýyldyz ulgamlaryny saýlap aldylar.

Gün — Gün ulgamynyň merkezi. Beýlekileriňki bilen deňeşdirende, onuň ýaşy onçakly uly däl, ol bary-ýogy 10 milliard ýaşady. Ýerde ýaşaýşyň 4 milliard ýyl gowrak mundan ozal peýda bolandygyny göz öňünde tutsak, G-ýyldyzlar diýlip atlandyrylýan biziň Günümize meňzeş ýyldyzlarda şu wagt ýaşaýyş gutaryp barýan bolmaly.

Alymlar has sowuk G-ýyldyzlardan başga-da, alymlar biziň Günümizden has sowuk, has ýeňil we ýagtylygy has pes K-karlik (kiçi) ýyldyzlary hem öwrendiler. K-ýyldyzlaryň ýaşy 20 milliarddan 70 milliard ýyla çenli barabar. Bu olaryň orbitasynyň töwereginde aýlanýan saýýaralara ýaşynyň uly bolmagyna, şonuň ýaly-da, ýaşaýşyň ösmegi üçin häzirki wagtda Ýerdäki ýaly çylşyrymly kriterilere, hat-da ondanam köp şerleri dörederdi.

Ýöne ýaşaýşyň bar bolmagy üçin özleriniň geoterminal ýylylygyny gutarmaz we geomagnit gorag meýdany bolmaz ýaly, saýýaralar garry bolmaly däl. Ýeriň ýaşy 4,5 milliarda ýyl töweregi. Alymlaryň tassyklamalaryna görä, 5 milliarddan 8 milliarda ýaşy bolan saýýaralar ýaşaýyş üçin iň amatly bolmaly.

Munda saýýaralaryň ululygynyň we agramynyň ähmiýeti bar. Alymlar Ýerden 10% uly saýýara ýaşamak üçin has ýaramly diýip hasaplaýarlar. Şonuň ýaly-da, agramy Ýeriňkiden 1,5 esse köp saýýarada radioaktiw dargamanyň hasabyna döreýän içki ýylylyk köp wagtlap saklanylýar, şeýle hem atmosferany has köp wagtlap saklamak üçin onuň has güýçli dartyş güýji bolýar.

Suw — ýaşaýşyň açary. Awtorlar onuň has köp mukdardakysynyň, aýratyn hem, çyg, bulut we çyglylyk görnüşindäkileriniň peýdasy uludyr diýip tassyklaýarlar. Olaryň pikiriçe, Ýeriňkiden takmynan 5 gradus Selsiýa köp ýylylyk goşmaça çyglylyk bilen bilelikde ýaşaýşyň Ýerdäkiden gowy bolmagyny şertlendirýär. Ýylylyk bilen çyglylygyň şeýle sazlaşygyny biologiki düzümleriniň baýlygy bilen tapawutlanýan, köp ýagyş ýagýan tropiki tokaýlyklarda görmek bolýar.

Görüp otursalar, ýokary saýýarlar diýlip atlandyrylýan 24 «dalaşgäriň» hiç biri hem bu talaplara laýyk gelmeýär eken. Ýöne, olaryň dört häsiýeti ýaşaýyş üçin Ýerdäkiden has amatlydyr diýip aýtmaga esas berýär.
Okalan sany: 121   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09938 sek. ýüklenen baýt: 33137