Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Resulberdi Rahmanow - Dünýede (goşgy)
Ýazylan wagty: 19 декабря 2020 Ýazan NEXTTM
Ýalançy dünýäde ýalanlañ sany
Geçýär diýp çeninden ideýän hany
Diýýän aýdýan gury sözlem bimany
Bolup galýar diñlenmänjik dünýede

Bu dünýe teatr bizem aktýor
Berilen rollary oýnaýarys hor
Kimkä produssor kimkä režisýor
Bile bilmän geñirgenýäñ dünýede

Öñüñde sahna dur perde çekilen
Açylanda gezegine çykalan
Roly elden alnyp ýolda ýykylan
Başga birne miýýesserdir dünýede

Synlarsyñ gülersiñ gözüñ oýnadyp
Masgarabaz deýin özüñ aýnadyp
Diýmeli sözlerñi bogaz gaýnadyp
Diýeniñe degmez bäş gün dünýede

Ilki ýeñilersiñ netije bolman
Ýòne ösüş bardyr şol tempda galman
Gitseñ öñe ýeñiş seniñki hökman
Bolanynda peýda barmy dünýede

Ýoluñ açyk meñ ýerimi alana
Diýesim gelýändir gutly bolana
Siñdirilen yhlas munuñ ýalaga
Siñdirilmän galsa gowdur dünýede

Bir gezek däl aldananym sizlerden
Aşa geçdi üstün örtüp gizlärden
Resulberdi siz deý görene gözlerden
Halys bez bolandyr indi dünýede
Okalan sany: 101   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07146 sek. ýüklenen baýt: 31960