Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Tehnologiýa
Tiz kömek welosiped
Ýazylan wagty: 19 декабря 2020 Ýazan NEXTTM
Soňky wagtlarda elektrik energiýasy bilen işleýän dürli maksatlar üçin dizaýn edilen görnüşleri işlenip taýýarlanýar. Merkezi edarasy Parižde ýerleşýän kompaniýa “Emergency Bikes” atly ilkinji lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen welosipedi taýýar etdi. “Wunderman Thompson” hem-de “Ecox Enterprises” atly şereketleriň hünärmenleriniň döreden iki tigirli ulagy iri şäherlerde ýol dyknyşygynda wakanyň bolan ýerine has gysga wagtda barmaga mümkinçilik berer. Ulagyň öň tarapynda ilkinji lukmançylyk kömegi üçin gerek bolan enjamlaryň goýulýan gutusy ýerleşdirilipdir. Güýçli ses bilen duýduryjy signallar hem-de LED çyralar bilen enjamlaşdyrylypdyr. Welosipediň tigirleri islendik ýagdaýda hem ýarylmaýan berk materiallardan öndürilipdir. Ulagyň nirededigini hemra aragatnaşyk ulgamy arkaly uzakdan görüp bolýar. Bir gezekki zarýady bilen 160 kilometre çenli ýol geçip bilýän ulagyň önümçilige taýýar edilendigi mälim edildi.
Okalan sany: 47   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07176 sek. ýüklenen baýt: 29344