Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Haýdarabatda 14 ýaşyndaky zehinli oglan bakalawr derejesini aldy
Ýazylan wagty: 19 декабря 2020 Ýazan NEXTTM
«Vokrugsveta.ua» habar gullugynyň habaryna görä, Hindistanyň Haýdarabat şäherinden 14 ýaşly zehinli oglan Agastýa Jaýswal Osman uniwersitetini gutardy hem-de köpçülikleýin aragatnaşyk we žurnalistika boýunça bakalawr derejesini aldy.

Ýetginjek ýigit mekdebi 10 ýaşynda gutardy. Ol uniwersiteti 13 ýaşynda gutarmagy meýilleşdirýärdi, ýöne bu meýlini koronawirus pandemiýasy zerarly durmuşa geçirip bilmedi.

Agastýanyň beýleki ugurlardan-da zehinleri bar. Ol stol tennisinde iki eli bilen ussatlyk bilen ýaryşyp, milli derejede üstünlik gazandy.

Agastýanyň pikiriçe, üstünligi her kim gazanyp biler, munuň üçin erjellik, sabyr we irginsiz zähmet gerek. Şeýle-de, ol «Men 14 ýaşymda bakalawr derejesini alan ilkinji hindi boldum.» – diýip aýtdy.

Ýaş ýigit geljekde okuwyny dowam etdirmegi we lukman bolmak arzuwyna ýetmegi meýilleşdirýär.
Okalan sany: 46   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08917 sek. ýüklenen baýt: 30004