Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Alymlar almazyň we titanyň kömegi bilen suwy mikroplastikden arassalap bildiler
Ýazylan wagty: 27 января 2021 Ýazan Merwww

Alymlar almazyň we titanyň kömegi bilen suwy mikroplastikden arassalap bildiler

Alymlar almazyň we titanyň kömegi bilen suwy mikroplastikden arassalap bildiler

Kanadadaky Kwebek milli ylmy barlag institutynyň professory Patrik Droginiň ýolbaşçylygyndaky ylmy-barlagçylar suwy mikroplastikden arassalamagyň täze usulyny tapdylar. Bu barada evo-rus.com portaly habar berdi.

Täze tehnologiýa almazyň we titanyň ulanylmagyna esaslanýar, olaryň kömegi bilen plastmassa süýümlerini daşky gurşawa çykmazdan ozal hem ýok edip bolar.
Hünärmenler bor bilen legirlenen almazy we suwda güýçli titan elektrodlaryny ulanyp, birnäçe synaglary geçirip gördüler. Synag geçiriljek suwuklygy 26 mikron ululygyndaky polistirol mikrogranulalary bilen ýörite hapaladylar.
Geçirilen synaglaryň netijelerine görä, täze tehnologiýanyň ulanylmagy mikroplastikanyň 89 %-niň suwda alty sagadyň içinde çüýremegine mümkinçilik berdi. Şeýle hem alymlar almaz bilen işlemegiň gaty gymmada düşýändigini bellediler.


Okalan sany: 181   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07570 sek. ýüklenen baýt: 32467