Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmen dokma önümleriniň elektron söwdasy ýola goýulýar
Ýazylan wagty: 27 января 2021 Ýazan Merwww

Türkmen dokma önümleriniň elektron söwdasy ýola goýulýar

Türkmen dokma önümleriniň elektron söwdasy ýola goýulýar

Türkmen dokma önümleriniň elektron söwda binýady döredilýär.

Häzirki wagtda onuň sahypalarynda dokma nyşanlary, marketing hyzmatlary barada degişli maglumatlary ýerleşdirmek, şol sanda çykarylýan dürli dokma önümlerini satyn almak üçin elektron görnüşdäki sargytlary resmileşdirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem birinji tapgyrda sargyt edilen dokma önümleriniň ýurdumyz boýunça eltilmegini, geljekde bolsa daşary ýurtlara iberilmegini guramak meýilleşdirilýär.
Elektron söwda binýady ýörite programmalar bilen üpjün ediler. Geljekde bu söwda binýadynyň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy söwda ulgamlary hem-de ýurdumyzyň bu ugurda üstünlikli iş alyp barýan söwda ulgamlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Bu taslamany Dokma senagaty ministrliginiň “Altyn asyr” harytşynaslyk merkeziniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikdäki tagallalary bilen amala aşyrmak meýilleşdirilýär.


Okalan sany: 189   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08391 sek. ýüklenen baýt: 32666