Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistandaky halkara ýaryşlarda türgenlere koronawirusa garşy mugt sanjym ediler
Ýazylan wagty: 27 января 2021 Ýazan Merwww

Türkmenistandaky halkara ýaryşlarda türgenlere koronawirusa garşy mugt sanjym ediler

2021-nji ýylda Türkmenistanyň çäginde geçiriljek halkara sport ýaryşlaryna gatnaşjak türgenlere COVID-19-a garşy mugt sanjym ediler.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri daşary ýurtly türgenleriň ýokanç kesellerden goranmaklary üçin olara sanjym geçiriljekdigi, munuň üçin hemme zerur şertleriň bardygy barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Döwlet Baştutany häzirki wagtda dünýäde köp ýurtlaryň pandemiýa bilen bagly sanjymlary öndürip başlandygyna ünsi çekdi. Ýakynda Türkmenistan “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy.
Geljekde bu ugurdaky işleri dowam etmegiň hem-de beýleki ýurtlaryň öndürýän sanjymlaryny bellige almak bilen bagly gepleşikleri geçirmegiň zerurdygyny belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Çünki ýaryşa gatnaşmak üçin dünýäniň dürli künjeklerinden türgenler paýtagtymyza geler.
Bizde bellige alnan sanjymyň bolandygyna garamazdan, daşary ýurtly türgenleriň beýleki öňüni alyş sanjymlaryna ýa-da beýleki serişdelere isleginiň bolmagy mümkin. Şoňa görä-de daşary ýurtdan geljek türgenleriň saýlamaga mümkinçiligi bolmalydyr diýip, döwlet Baştutany aýtdy. Biz bu sanjymlaryň ähli görnüşlerini mugt üpjün etmelidiris. Munuň üçin biziň ähli mümkinçiliklerimiz bar. Şunuň bilen baglylykda Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.
Belläp geçsek, 2021-nji ýylda hem ýurdumyzda welotrek boýunça dünýä çempionatynyň hem-de Dewisiň Kubogyny almak boýunça abraýly halkara ýaryşynyň saýlama tapgyry geçiriler. 


Okalan sany: 198   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09129 sek. ýüklenen baýt: 33205