Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
“Sputnik V” sanjymyny ulanmagyň düzgünlerine täze duýduryş goşuldy
Ýazylan wagty: 27 января 2021 Ýazan Merwww

“Sputnik V” sanjymyny ulanmagyň düzgünlerine täze duýduryş goşuldy

“Sputnik V” sanjymyny ulanmagyň düzgünlerine täze duýduryş goşuldy

Gam-KOWID-Wak (“Sputnik V”) sanjymyny lukmançylyk taýdan ulanmak boýunça görkezmeleriň täze neşirinde täze duýduryş peýda boldy. Onda derman serişdesiniň howply täze döremeleri bolan näsaglarda seresaplylyk bilen ulanylmalydygy aýdylýar diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Duýduryş, bu sanjymyň onkologiýa kesellerine täsiri barada ýeterlik maglumatyň bolmazlygy bilen baglanyşyklydyr. 
“Sputnik V” sanjymy Gamaleýa adyndaky Epidemiologiýa we mikrobiologiýa milli barlag merkezi tarapyndan 2020-nji ýylyň awgust aýynda döredildi. Ol COVID-19-yň öňüni almak boýunça dünýäde ilkinji sanjym boldy. 
“Sputnik V” adamyň adenowirus wektorlarynyň gowy öwrenilen we barlanylan platformasynda işlenip düzüldi. Derman serişdesiniň möhüm artykmaçlygy howpsuzlyk we uzak möhlet üçin ýaramaz netijeleriň bolmazlygydyr. “Sputnik V-niň” täsirliligi 90%-den geçýär we sanjym koronawirus ýokanjy bilen kesellemegiň agyr ýagdaýlaryndan doly goragy üpjün edýär. 
Ýatlap geçsek, 2021-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda “Sputnik V” sanjymy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellige alyndy.


Okalan sany: 192   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,10061 sek. ýüklenen baýt: 32794