Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyrdy
Ýazylan wagty: 27 января 2021 Ýazan Merwww

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyrdy

25-nji ýanwarda Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy.

Ir bilen Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriniň birinde milli itşynaslyk düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda gurulýan desgalar toplumynda alnyp barylýan işler barada ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedow hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniiň başlygy D.Hudaýberdiýew hasabat berdiler.
Soňra milli Liderimiz paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän we Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän Söwda we dynç alyş merkezli desgalar toplumynyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi.
Bu ýerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew döwlet Baştutanymyza Söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler, toplumyň çäginde bina edilýän desgalar we olaryň aýratynlyklary, aýratyn-da, bu ýerde bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynda döredilýän mümkinçilikler barada hasabat berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde gurulýan sebitde iri Söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiz şu ýagdaýlardan ugur alyp, şäheriň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän we birnäçe durmuş maksatly desgalary özünde jemleýän bu toplumyň “Aşgabat” diýlip atlandyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi, munuň paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna mynasyp sowgat boljakdygyny aýdyp şäher häkimine degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyz boýunça guran iş saparynyň dowamynda şäheriň işewürlik we durmuş ulgamyna degişli merkezleriň kemala gelen ýeri bolan günorta künjegine geldi. Ýolugra milli Liderimiz paýtagtymyzyň günorta künjegindäki şaýoluň ugrunda bina edilen “Ak öý” awtobus duralgasynyň ýanynda saklandy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara hyzmatdaşlygynyň we Türkmenistanda maýa goýum syýasatynyň uly rowaçlyklara beslenýändigini alamatlandyrýan gurluşyklary synlady. Şäheriň günorta künjeginde bina edilýän “Türkmenbaşy” Döwlet täjirçilik bankynyň täze binasynyň gurluşygynda işler bellenilen meýilnama laýyk derejede alnyp barylýar.
Soňra milli Liderimiz “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasynyň gurulýan ýerine tarap ugrady.
Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça guralan iş saparynyň jemini jemläp, gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesine eýe bolmagynyň, olaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.
Döwlet Baştutany ýolugra “Nusaý” diýlip atlandyrylýan awtobus duralgasynyň ýanynda saklandy. Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde şäher ilatynyň ulag üpjünçilik meselelerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi.

Okalan sany: 184   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,11027 sek. ýüklenen baýt: 35659