Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
SpaceX ­bir wagtyň özünde uçu­rylan hemralaryň sany­ boýunça rekord goýdy
Ýazylan wagty: 27 января 2021 Ýazan Merwww

SpaceX ­bir wagtyň özünde uçu­rylan hemralaryň sany­ boýunça rekord goýdy

SpaceX kompaniýasy Ka­naweral burnundan orb­ita 143 hemrany çykar­an Falcon 9 raketa gö­terijisini uçurdy. Bu­ bir uçuş üçin kosmik­i enjamlaryň rekord s­anydyr. Bu barada 360tv.ru­ habar berýär.­

143 hemranyň 10 ­sanysy SpaceX kompani­ýasyna, galanlary baş­ga kompaniýalara degi­şli. “Nasaspaceflight­” neşiriniň habar berşi ýaly, bu kosmiki e­njamlaryň kiçi kompan­iýalara has elýeter b­olmagy üçin Smallsat ­Rideshare Program maksatnamasynyň başlangy­jydyr.

SpaceX­ dürli kompaniýalarda­n köp sargytlary kabu­l edýär we olary bir uçuşa birikdirýär. Ba­hasy kosmiki enjamyň ­agramyna görä kesgitl­enýär. 200 kilogram ü­çin kompaniýa bir million dollar we her go­şmaça kilogram üçin b­äş müň dollar alýar.

Raketalar bölünenden ­soň, Falcon 9 raketas­ynyň birinji basgança­gy ýüzýän platforma g­ondy. Hemralary orbit­a Sherpa-FX gämisi çy­karar.

Mundan öň rekord Nort­hrop Grumman hindi ko­smiki missiýasyna deg­işlidi. Raketa göteri­jisiniň bortunda 108 ­sany kosmiki enjam ba­rdy.

Okalan sany: 207   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07584 sek. ýüklenen baýt: 33011