Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Russiýanyň “Sputnik V” sanjymyny saklamak boýunça talaplar üýtgedildi
Ýazylan wagty: 27 января 2021 Ýazan Merwww

Russiýanyň “Sputnik V” sanjymyny saklamak boýunça talaplar üýtgedildi

Russiýanyň “Sputnik V” sanjymyny saklamak boýunça talaplar üýtgedildi

Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrligi koronawirusa garşy “Sputnik V” sanjymynyň saklanyş we daşaýyş temperaturasyny üýtgetdi, indi rugsat berilýän aralyk 2-8 gradus diýip, Saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşkonyň beýanyna salgylanmak bilen RIA Nowosti habar berýär.

“Saglygy goraýyş ministrligi “Sputnik V” sanjymynyň bellige alyş şahadatnamasyna üýtgetmeleri tassyklady” – diýip, Muraşko aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, öndüriji bu görkezijide sanjymyň durnuklylygyny üpjün etmegi başardy.

“Bu sowuk režim immunobiologik serişdeleri saklamak üçin standart” – diýip, ol belledi.
“Sputnik V” sanjymynyň önümçilik ýerleriniň birinde täze saklanyş şertleri bilen çykarylyp başlanmagy gurşawy giňeltmäge we ilat üçin täze koronawirus ýokanjyna garşy köpçülikleýin sanjymlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer” – diýip, Muraşko aýtdy.

Ýatlap geçsek, “Sputnik V” dünýäde COVID-19-a garşy ilkinji bellige alnan sanjymdyr. Onuň täsirliligi 90%-den geçýär.
Derman serişdesi eýýäm Paragwaýda, Argentinada, Boliwiýada, Serbiýada, Alžirde, Palestinada, Wenesuelada, Belarusda, Türkmenistanda we Wengriýada bellige alyndy.


Okalan sany: 200   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09001 sek. ýüklenen baýt: 34144