Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Çaý Halta...
Ýazylan wagty: 25 ноября 2013 Ýazan NEXTTM

Çaý Halta... 
Adatça, her-bir maşgalanyň arkama-arka ata-baba dowam edip gelýän mukaddeslikleri bolýar. Ol mukaddeslikler eldegrilmesiz närse hökmünde edil tebberik hökmünde ezizlenip saklanýar. Saralyp-solup ýok bolup gidäýmez ýaly ýa-da güýe düşäýmesin diýen howatyr bilen  ýaz aýlary günden goralýar. Gyş aýlary bolsa yzgar çekip zaýa bolmaz ýaly çygly, sowuk howadan goralýar. Mahal-mahal maşgala baýramçylyklarynda, toýly-märekeli günlerde welin ony gizläp goýan ýerinden çykaryp, ol barada öz maşgalalaryna “Ine, bu atamyň atasynyň garry atasynyň eli degen närse“ diýip, süýjülik bilen gürrüň berer. Türkmençilikde, dünýeden öten ene-atasynyň eli degen zady aňsat-aňsat harlanmaz. Kimdir birine zerur bolup beriläýen ýagdaýynda hem onuň ynjydylman yzyna tabşyrylmagy öwran-öwran nygtalyp sargalar. Sebäbi, ol ejesiniň ýa-da kakasynyň eli degen zat. Ol mukaddes hem-de teberrik.

Bir gün daýym maňa könelip giden çaý haltany görkezip, onuň matasyny täzeden dikip bermegi haýyş etdi. Men göwünjeňlik bilen çaý haltany elime aldym. Çaý haltanyň nagyşy diýseň üýtgeşikdi hem-de  özüne çekijidi. Inçelik bilen sünnälenip bejerilen nagyşlary nebsewürlik bilen synlamaga başladym. Synlap-synlap ol nagyşlardan höwesli nazarymy hiç ganykdyryp bilmedim. Çaý haltany elimden düşürmedim. Sebäbi, onuň nagyşlary bilen meniň aramda  nähilidir bir ruhy baglanyşyk bar ýaly duýuldy durdy. Çaý haltanyň könelişen matasy tar-tar sapak bolup ýyrtylyp gidipdir. Emma, nagyş salynan bölegi welin öz durkuny saklap gaýym dur. Men daýymdan bu çaý haltanyň kime degişlidigini soradym. Asyl, ol meniň ejemiň garry mamasynyň nagyşlan çaý haltasy eken.

Men ýene-de çaý haltanyň owadan hem-de örän nepis bejerilen nagyşlaryny ellerimiň aýasy bilen sypap, içginden-içgin synlap ugradym. Gör, biziň ene-mamalarymyz nähili çeper hem-de ussat eken. Olar hat-da çaý haltasyny hem ýaltanman nagyşlap çykypdyrlar. Olardan öwrenere zat gaty kän. Keçe basmak, haly dokamak ýa-da keşde gaýamak aslynda türkmen gelin-gyzlarynyň ezelden  ganynda, ruhunda, süňňünde bar zat. Bu günki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe  ýaşaýan, bagtyýar gelin-gyzlarymyz hem haýsy ulgamda, haýsy kärde zähmet çekýän hem bolsalar, goý, ol lukman bolsun,  goý, ol mugallym bolsun, goý, ol haýsy edara-kärhana  ýolbaşçy bolsun tapawudy ýok. Işden gelip, bala-çagalarynyň çaý-naharlaryny taýarlap hem-de öý işlerini birkemsiz berjaý edip bolandon soň hökmany suratda boş wagt tapyp el işlerine güýmenerler. Bu häsiýet meniň özüme hem mahsus zat.

Meniň tikin tikmegi öwrenişim ýeňil boldy. Elimiň ugruna ignäni sanjyberdim. Eden nagyşym eger-eger ýoldan çykyp gyşaraýyn diýmedi. Öňi bilen ýerligini çyzman ýa-da tikin maşynda ýörmelemän  nagyş edişime hat-da ejem hem geň galdy. Görüp, otursam meniň nagyş edişim bilen çaý haltanyň nagyşlarynda birmeňzeşlik bar. Bir hakykaty welin, buýsanç bilen boýnuma aljak. Çaý haltanyň nagyşlary gaty inçe, onuň meniň nagyş edişimden tapawutly tarapy hem şonda. Diýmek, beýle usulda nagyş etmek ezelde biziň aňrymyzda bar eken.

Men daýymdan bu çaý haltany maňa bermegini  özelenip haýyş etdim. Daýym garşy bolup durmady. Gaýtam ol, çaý haltanyň ynamly ele geçenine çaga ýaly begendi. Çaý haltany ezelki durkunda saklamak maksady bilen onuň  könelişen matasyny täzelemek islemedim. Eger-de, onuň matasyny täzelesem: “Onuň gadymylygyna kim ynanar?” diýen pikиr serimden geçdi. Ýöne, daýym üçin edil şol çaý halta meňzedip täze çaý halta nagyşlamagy welin berk ýüregime düwdüm.

Annatuwak Kakaýewa - Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri.
Okalan sany: 486   Jogaplar: ( 3 )

asmandakebelejik
26 ноября 2013

Tuweleme  bu saýta öňüräkden bäri giremokdym welin, indi kyn bolýar hemme gyzykly naglumatlary birden okamak, bularyn baryny okaman geçmek mümkin däl biri birinden gyzykly, 

shutnick
26 ноября 2013

chay haltajygyn suratyny goyan bolsanyz gowy bolardy gyzykly gerekli maglumat sag bol

NEXTTM
25 марта 2014

 cay haltajygyn suraty siz uchin


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08072 sek. ýüklenen baýt: 34405