Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Aşgabada bagyşlanan döredijilik bäsleşigi yglan edilýär
Ýazylan wagty: 27 января 2021 Ýazan Merwww

Aşgabada bagyşlanan döredijilik bäsleşigi yglan edilýär

Aşgabada bagyşlanan döredijilik bäsleşigi yglan edilýär

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparynyň barşynda Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen gabat gelýändigini, onuň giňden baýram ediljekdigini belläp, bu şanly sene mynasybetli medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda döredijilik bäsleşiginiň guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Türkmen Lideri Aşgabat hakynda dörediljek aýdymlar paýtagtymyzyň gözel keşbini suratlandyrýan şekiller bilen utgaşdyrylmalydygyny, bäsleşigiň ýeňijileriniň Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi hökmünde yglan edip, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan sylaglanmalydygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Aşgabat dürli döwürlerde sungat ussatlarynyň ylham çeşmesine öwrüldi. Taryhyň dowamynda Aşgabat şäherini wasp edýän birnäçe sungat eserleri döredildi. Diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň daşynda hem uly meşhurlyk gazanan Myrat Sadykowyň Aşgabady wasp edýän aýdymy köp nesilleriň ýadyndadyr.
Häzirki döwürde hem Aşgabady wasp edýän aýdymlaryň sany barha artýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda giňden tanalýan sungat ussatlary A.Garýagdyýew, S.Orazberdiýew, P.Amandurdyýew we beýleki bagşy-sazandalar, estradaçylar ýurdumyzyň baş şäheriniň wasp edýän aýdymlary döretdiler we ol eserler halkymyzyň söýgüsine mynasyp boldy diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.


Okalan sany: 208   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08329 sek. ýüklenen baýt: 32884