Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
"KAMAZ" 2021-nji ýylda Türkmenistana 463 ulag tehnikasyny ibermegi meýilleşdirýär
Ýazylan wagty: 27 января 2021 Ýazan Merwww

"KAMAZ" 2021-nji ýylda Türkmenistana 463 ulag tehnikasyny ibermegi meýilleşdirýär

"KAMAZ" 2021-nji ýylda Türkmenistana 463  ulag tehnikasyny ibermegi meýilleşdirýär

Russiýanyň "KAMAZ" kompaniýasy Türkmenistana 2021-nji ýylyň dowamynda 463 sany ulag tehnikasyny ibermegi göz öňünde tutýar. Bu barada kompaniýanyň sebit wekili Marat Garifulliniň sözlerine salgylanyp, Trend habar berdi.

Umuman aýdanyňda, "KAMAZ" AGPJ bilen Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň "Türkmenawtoulaglary" agentliginiň arasynda 2019-njy ýylda gol çekilen şertnama laýyklykda, 2019-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli dürli maksatly "KAMAZ" ulaglarynyň 1,982 sanysyny ibermek göz öňünde tutuldy.

“2019-njy ýylda "KAMAZ" AGPJ bilen Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň "Türkmenawtoulaglary" agentliginiň arasynda gol çekilen Ylalaşygyň ýerine ýetirilişiniň çäginde, meýilleşdirilişi ýaly, 2020-nji ýylda ýurda 690 sany dürli maksatly "KAMAZ" ulagy gelip gowuşdy"-diýip, Garifullin aýtdy.


Okalan sany: 113   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,10615 sek. ýüklenen baýt: 32978