Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Täjigistan koronawirusdan üstün çykandygyny yglan etdi
Ýazylan wagty: 27 января 2021 Ýazan Merwww

Täjigistan koronawirusdan üstün çykandygyny yglan etdi

Täjigistan koronawirusdan üstün çykandygyny yglan etdi

Täjigistan koronawirus ýokanjyny doly ýeňdi diýip, ýurduň Prezidenti Emomali Rahmon parlamente iberen ýüzlenmesinde aýtdy. Bu barada russian.rt.com habar berýär.

“Täjigistanda koronawirus ýok, ol bütinleý ýok edildi” – diýip, Sputnik Täjigistan saýty döwlet Baştutanynyň sözlerini getirýär.

Şol bir wagtyň özünde Rahmon ýaşaýjylary arkaýynlaşmazlyga we ähli howpsuzlyk çäreleri berjaý etmäge çagyrdy.
Prezident Täjigistan hökümetiniň geçen ýyl milli saglygy goraýyş ulgamyny goldamak üçin 1,6 milliard somoni (145 million dollardan gowrak) bölüp berendigini we ýurtda 30-a golaý täze hassahananyň gyssagly işe girizilendigini belledi.
Saglygy goraýyş ministriniň habar bermegine görä, Täjigistanda 15 gün bäri koronawirus ýokanjynyň täze ýagdaýy ýok.


Okalan sany: 193   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08696 sek. ýüklenen baýt: 32839