Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
UFC Makgregory alty aý söweşlerden çetleşdirdi
Ýazylan wagty: 27 января 2021 Ýazan Merwww

UFC Makgregory alty aý söweşlerden çetleşdirdi

UFC Makgregory alty aý söweşlerden çetleşdirdi

Garyşyk başa-baş göreşiň irlandiýaly söweşijisi Konor Makgregor ýarym ýyl söweşlerden daşlaşdyryldy diýip, MMA Junkie saýty habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, irlandiýaly söweşiji lukmançylyk görkezmeleri sebäpli söweşmekden saklanýar. Onuň sag uly injik we kiçi injik süňklerine şikes ýeten diýlip güman edilýär. Türgen şikes düýpli bolmasa we çalt bejerilse, oktagona ir dolanyp biler.
25-nji ýanwarda Makgregor geljekki meýilnamalary bilen paýlaşdy. Irlandiýaly söweşiji saklanmak islemeýändigini, “ýerinden turup, ýene söweşmekçidigini” aýtdy.
Ýatlap geçsek, 24-nji ýanwarda Abu-Dabiniň “Söweş adasyndaky” (BAE) UFC 257 turniriniň esasy söweşinde Makgregor MMA-nyň amerikaly söweşijisi Dastin Porýeden ýeňildi.
Porýe dynç almak we dikelmek üçin düzgün boýunça talap edilýän UFC tarapyndan ýedi gün söweşlerden aýryldy.


Okalan sany: 196   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,11374 sek. ýüklenen baýt: 32418