Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanda erkekleriň we zenanlaryň aýlyk haklarynyň aratapawudy aýdyldy
Ýazylan wagty: 27 января 2021 Ýazan Merwww

Türkmenistanda erkekleriň we zenanlaryň aýlyk haklarynyň aratapawudy aýdyldy

Türkmenistanda erkekleriň we zenanlaryň aýlyk haklarynyň aratapawudy aýdyldy

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti ýurtda iş derejesi baradaky käbir statistiki maglumatlary köpçülige mälim etdi. Maglumatlara görä, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde işleýänleriň 45,8 göterimini zenanlar düzýär.

Şol bir wagtyň özünde zenanlaryň, esasan, saglygy goraýyş, bilim, durmuş üpjünçiligi, medeniýet we sungat, dynç alyş we güýmenje ýaly ugurlarda işleýändigi bellenildi.
Magdançylyk pudagynda, karýerde, gurluşyk, ulag toplumlarynda we ş.m. işçileriň aglaba köplügini erkek adamlar düzýär. Munuň özi bu işleriň aýratynlyklary bilen düşündirilýär. Elbetde, howply we zyýanly faktorlar bilen baglanyşykly işlerde has köp hak tölenýär.
Şol sebäpli soňky bäş ýylda berlen maglumatlara görä, Türkmenistanda erkekler zenanlardan, ortaça, 10-15% köp gazanýarlar.
Deňeşdirmek üçin: Russiýada erkekler zenanlardan 30% köp gazanýar. Germaniýada bu tapawut 22%-e barabardyr. "news.eurabota.ua"-nyň habar bermegine görä, Beýik Britaniýa, Gollandiýa, Belgiýa ýaly Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesinde erkekler 14-17% köp gazanýar.
Iň uly aýlyk aratapawudyna Braziliýada we Hindistanda şaýat bolunýar. Bu ýerde aýallar erkeklerden 35-36% az gazanýar.

Okalan sany: 199   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06410 sek. ýüklenen baýt: 33256