Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Talyp türgeniň üstünligi
Ýazylan wagty: 25 ноября 2013 Ýazan Mayichka


 Talyp türgeniň üstünligi


  Sambo we söweş sambosy boýunça Sankt-Peterburgda geçirilen dünýä ýaryşynda ildeşimiz ajaýyp ýeňiş gazandy. Bu ýaryşa 75 döwletden 600 türgen gatnaşdy. 57 kilogram agram derejesinde çykyş eden Milli Sport we Syýahatçylyk institutynyň talyby Kerim Allanurow birinji tutluşygynda Wenesuelladan bolan garşydaşyndan üstün çykdy. Türkmenistanly türgeniň ikinji tutluşykda garşydaşy Gazagystanly türgen boldy. Ony ildeşimiz ynamly ýeňmegi başardy. 

Üçünji tutlyşykda Moldowaly türgeni ýeňip talyp sportçymyz finala çykdy. Aýgytlaýjy tutluşykda Allanurow dünýäniň ençeme gezek çempiony Bolgariýaly türgen bilen bäsleşdi. Çekeleşikli tutluşykda türkmen türgeni öz ussatlygyny görkezdi. Dünýä çempionatyna ilkinji gezek gatnaşýanlygyna garamazdan ýaş türkmen türgeni garşydaşy bilen deň derejede bäsleşdi. Netijede ildeşimiz ikinji orny eýeläp kümüş medala mynasyp boldy. 

Türkmenistanly türgeniň bu üstünligi Türkmen sportunyň halkara abraýyny belende göterdi. Ol Hormatly Prezidentimiziň ýurtda sporty ösdürmek boýunça amala aşyrýan işleriniň rowaçlanýanlygyny ýene bir gezek subut etdi.




Okalan sany: 380   Jogaplar: ( 2 )

asmandakebelejik
26 ноября 2013

sport hakynda näçe aýtsan aýdyp oturmaly, bu zatlaryn aňyrsaynda eýýäm döwlet baş tutanynyň goldag beryandigini görmek bolyar, Maýiçka saag bol, siz sport baradaky beryan maglumatlaryny yzygider okayaryn gaty peydaly we täzeje habar, yane yetirip durmagyna garaşýaryn sagbol!

shutnick
26 ноября 2013

gooday berekella goldayan


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07704 sek. ýüklenen baýt: 32999