Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli aşgabatly 140 maşgala täze jaý alar
Ýazylan wagty: 27 января 2021 Ýazan Merwww

Paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli aşgabatly 140 maşgala täze jaý alar

Şu ýyl 25-nji maýda belleniljek Aşgabat şäheriniň gününde paýtagtymyzyň döredilmeginiň 140 ýyllygy hem-de Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 140 hojalyk täze öýlerde jaý toýuny toýlar. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyranda aýtdy. 

Munuň şol maşgalalar üçin hakyky toý sowgady boljakdygyny nygtap, Prezident wise-premýer Ş.Durdylyýewe degişli görkezmeleri berdi.
Iş saparynyň çäklerinde şeýle hem döwlet Baştutany Çoganly ýaşaýyş toplumynda gurluşygy ýaýbaňlandyrylan 3 we 4 otagly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlaryny synlady. Şolarda ýaşaýjylar üçin hemme zerur bolan durmuş üpjünçiligi döredilmelidir diýip türkmen Lideri aýtdy. 

Okalan sany: 205   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,11292 sek. ýüklenen baýt: 31902