Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistan Russiýanyň portlaryndan nebit eksportyny azaldar
Ýazylan wagty: 27 января 2021 Ýazan Merwww

Türkmenistan Russiýanyň portlaryndan nebit eksportyny azaldar

Türkmenistan, Gazagystan we Azerbaýjan fewral aýynda Ýewropanyň “Transneft” portlaryndan nebit eksportyny ýanwar aýyna garanda azaldar. Bu barada üstaşyr geçirim meýilnamasyna salgylanyp, Interfaks habar berýär.

“Umuman aýdylanda, fewral aýynda Gazagystandan, Türkmenistandan we Azerbaýjandan üstaşyr bilen birlikde, nebitiň iberilişi 4,625 mln tonna barabar bolar, bu ýanwar aýy bilen deňeşdirilende, 29% azdyr” – diýlip, habarda aýdylýar.

Rus kompaniýalary hem «gara altynyň» eksportyny azaldar. Habara görä, fewral aýynda Ýewropanyň “Transneft” portlaryndan rus kompaniýalary tarapyndan nebit eksportynyň ýanwar aýyna garanda 34% - 3,36 mln tonna çenli azalmagyna garaşylýar.
Rus hünärmenleri Russiýadaky bu ýagdaýy nebiti gazyp alyjy kompaniýalaryň ýurduň içinde ýangyjyň lomaý bahalarynyň ýokarlanmagy sebäpli, nebiti eksportdan nebiti gaýtadan işleýän zawodlary üpjün etmek üçin gönükdirmäge taýýarlyk görýändikleri bilen düşündirýärler. “Kommersant” deslapky meýilnama görä, fewral aýynda RF-iň ýewropa böleginiň portlaryndan nebitiň eksporta iberilmeginiň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende, üçden bir azalmagynyň mümkindigini habar berýär.
Russiýanyň Energetika ministrligi eýýäm birnäçe wagtdan bäri nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň ýüküni artdyrdy, ýöne “Kommersantyň” çeşmeleri indi akymlaryň gönükdirilmegi nebit kompaniýalary üçin girdejili boldy diýip hasaplaýar.
Türkmenistan Russiýanyň portlary arkaly nebiti eksport etmekde Gazagystandan soň ikinji orny eýeleýär.

Okalan sany: 192   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06651 sek. ýüklenen baýt: 33464