Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmen-belarus DIM-niň arasynda hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi
Ýazylan wagty: 27 января 2021 Ýazan Merwww

Türkmen-belarus DIM-niň arasynda hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi

26-njy ýanwarda «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021-2022-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna» gol çekildi. Türkmen-belarus geňeşmelerine Belarus Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Wladimir Makeý gatnaşdy.

Wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşygyň gün tertibine syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri girizildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar daşary syýasat edaralarynyň derejesinde türkmen-belarus gatnaşyklarynyň netijeliligini we yzygiderli häsiýete eýedigini nygtap, döwletara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň ýagdaýyna garadylar hem-de onuň kämilleşdirilmegi dogrusynda pikir alyşdylar.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, söwda, maýa goýum we senagat ulgamyndaky özara gatnaşyklary giňeltmekde, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmakda möhüm orun eýeleýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-belarus Hökümetara toparynyň hem-de Söwda öýleriniň işi hem aýratyn nygtaldy.

Okalan sany: 194   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08508 sek. ýüklenen baýt: 32549