NextTM hödürleýar
Halanan ýazgylar
Bölümler
Soňky jogaplar
Ýumurtga iň ýokumly iýmitdir
Alymlaryň pikirine görä, beýleki iýmitlerden daşgary, her günde bir ýumurtga iýmek has peýdalydyr. Ýumurtgada witaminleriň birnäçe görnüşlerinden başga-da, çagalar, ýetginjekler, şeýle hem, naharda eti köp iýýän adamlar üçin örän möhüm bolan aminokislotalar bar. Ýumurtganyň gabygy bolsa adam bedeni üçin möhüm bolan we ýeňil siňýän kalsiniň çeşmesidir.
Owradylan gabyklaryň iýmitiň düzümine goşulmagy adam bedeniniň keselleriň garşysyna göreşmek işjeňligini artdyrýar. Onuň ynsan bedenine zyýanly täsiri ýokdur. Towuk ýumurtgasyndaky kalsiniň çagalaryň süňkleriniň berkeşmeginde peýdasy uludyr.
Ýumurtganyň gabygyny naharda ulanmak üçin ilki ony ýyly suwda ýuwmaly, soňra gaýnag suwda 4-5 minut saklamalydyr. Gabygy kofe owradyjy enjamda ýa-da sokuda mazaly owradyp, soňra nahara goşsaňyz bolýar.