Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
«Garagumuň bürgütleri» — joşgunly zähmetiň waspy
Ýazylan wagty: 27 января 2021 Ýazan Merwww

«Garagumuň  bürgütleri» — joşgunly  zähmetiň  waspy    

Türkmenistanyň halk artisti Ilmyrat Bekmiýew milli kino sungatymyzyň ösmegine mynasyp goşant goşýan halypalaryň biri. Ol häzir Türkmen döwlet medeniýet institutynda talyplara režissýorlyk hünärinden bilim berýär. Ýakynda iş ýerine baryp, halypa kinorežissýor bilen söhbetdeş bolduk.

— Ilmyrat aga, surata düşüren çeper filmleriňiz kän. Olaryň her biri hakdaky gürrüňiňizi diňlemek gyzykly.
— Uly göwrümli, gysga göwrümli dürli temalardaky 20-den gowrak filmi surata düşürdik. «Ak guşuň owazy», «Ýyldyzlar öçmeýärler», «Söýgi öwrümleri», «Gökderäniň aýdymy», «Garagumuň bürgütleri», bular Garaşsyzlyk ýyllarynda döreden filmlerim. «Akpamyk», «Jadyly hünji hakynda erteki», «Babagammaryň gaýdyp gelmegi» ... başga-da bar. Käbir filmleriň edebi esasyny özüm ýaza
nlarym-da bar.

— Kinofilmleriňiziň köpüsine teleýaýlym arkaly tomaşa etdik. Mümkin bolsa, nebitçileriň durmuşyndan gürrüň berýän «Garagumuň bürgütleri» atly çeper film hakda gürrüň berseňiz.  

— «Garagumuň bürgütleri» uly göwrümli çeper film. Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň önümi. Film 2008-nji ýylda surata düşürildi. Ýazyjy Hojanepes Meläýewiň «Ýalyn» atly eseri esasynda filmiň edebi esasyny ýazdym hem-de filmiň goýujy režissýory boldum. Islendik ulgama degişli film surata düşürilende, şol ugurdan ýokary derejeli hünärmen saýlanyp filmiň maslahatçysy bolýar. Ol tehnikalaryň işledilişini, her bir enjamda ulanylýan sözleriň manysyny düşündirip režissýoryň ýanynda bolýar. Maslahatçy filmiň döredijilik toparynyň esasy adamlarynyň biri.

— Bu filmi döretmegiňize näme itergi berdi?
— Filme başlamazymdan ilki nebitgaz ulgamyna degişli ýazylan edebiýatlary kän okadym. Ýurdumyzyň ösüşinde nebitgaz pudagynyň mynasyp orny bar. Nebitçileriň, burawçylaryň asylly zähmetini, olaryň ýokary netije gazanmagy üçin döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikleri film arkaly wasp edesim geldi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzyň halypa-şägirtlik ýörelgesi has-da dabaralanýar. Filmiň baş gahrymany Mergen Sapaýewiň kakasy, atasy ömrüni nebitgaz pudagyna bagyşlan adamlar. Mergenem tapawutlanan bahalar bilen nebitgaz ugrundan ýokary bilim alýar. Ol okuw tejribelik geçen ýeri bolan Ekereme işe iberilýär. Kämil bilim alan ýigidiň tutanýerliligi, işjanlylygy bilen ukyp-başarnygyny görkezip, iş pursadyndaky hadysalardan baş alyp çykyşy, döwrebap tehnikalarda işlemäge döredilýän mümkinçilikler filmiň dowamynda beýan edilýär. Şeýle zehinli nebitçiler bolsa durmuşda kän. Zähmetsöýer nebitçileriň, gazçylaryň irginsiz zähmeti bilen täze-täze nebit-gaz ýataklarynyň açylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna uly ýardam berýär.

— Ilmyrat aga, filmde ýaş nebitçi Mergeniň ýokary okuw mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlanlygynyň netijesi onuň iş ornundaky her bir pursadynda ukyp-başarnygy bilen açylyp görkezilýär. Mugallym hökmünde şu baradaky pikiriňizi bilmek gyzyklandyrýar.

— Hormatly Prezidentimiz ýaşlar hakdaky üns-aladany ilkinji orunda goýýar. Ýaşlar üçin döwrebap bilim almaga-da, alan bilimini okuw tejribelikde berkitmäge-de ähli mümkinçilikler bar. Ýokary okuw mekdeplerimiz ylmyň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen. Talyplara alan bilimlerini okuw tejribelikde berkitmäge-de şertler döredilýär. Ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmegi döredilýän mümkinçilikleriň oňyn netijesi. Her bir eser durmuşyň özünden gözbaş alýar.

— Ilmyrat aga, siziň kakaňyz Türkmenistanyň halk artisti Nazar Bekmiýew. Kakaňyzyň ady dakylan agtygyňyz Nazar hem birnäçe çeper filmde baş keşplerde çykyş etdi. Mümkin bolsa, okyjylary maşgalaňyz hem-de özüňiz hakda maglumatlaryňyz bilen gysgajyk tanyşdyrsaňyz.
— 1941-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Aşgabat şäheriniň Köşi obasynda doguldym. 1970-1975-nji ýyllarda Leningradda režissýorlyk hünärinden ýokary bilim aldym. Zähmet ýoluna 1958-nji ýylda başladym. 2009-njy ýyldan häzirki güne çenli institutda talyplara sapak berýärin. Maşgalamyzda bir oglumyz, gelnimiz, iki agtygymyz, iki çowlugymyz bar.

 Her bir maşgalanyň bagtyýar ýaşamagy üçin hormatly Prezidentimiz giň şertleri döredýär. Döwrümiziň ýeten belent derejelerini, mähriban Arkadagymyzyň her bir ugurda amala aşyrýan beýik işlerini döredijiligimiz bilen wasp edip dünýä ýaýmak uly bagt hem mertebe. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, halk bähbitli, ýurt ähmiýetli tutumly işlerinde rowaçlyk arzuw edýärin.

— Arzuwlaryňyz hasyl bolsun! Beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň, Ilmyrat aga! Bizem size döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris.

  Akgül SAPAROWA,
«Nebit-gaz».

Okalan sany: 229   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08475 sek. ýüklenen baýt: 35830