Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistan ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sanjymlary hasaba almak işini dowam edýär
Ýazylan wagty: 30 января 2021 Ýazan NEXTTM

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça öňdengörüjilikli syýasaty bu pudagy dünýäniň ösen derejesine çykardy. Halkyň saglygynyň berkidilmegine, ýokanç we ýokanç däl kesellere garşy göreşmäge gönükdiilen çäreleriň pugta binýady döredildi.

Üpjün edilýän mümkinçiliklere laýyklykda, keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler yzygiderli kämilleşdirilýär we onuň netijeliligi ýokarlandyrylýar. Munuň özi ylmyň ýokary gazananlaryna esaslanýar.

Şeýlelikde, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden häzirki zaman sanjymlary yzygiderli satyn alynýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygy esasynda keselleriň öňüni almak, sanjymlara gözegçilik etmek, halkyň saglygyny berkitmek, şeýle hem ýurdumyzda durnukly we amatly arassaçylyk ýagdaýyny saklamak boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sanjymlary bellige almak babatda daşary ýurtly önüm öndürijiler bilen gepleşikler geçirilýär.

Hususan-da, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýanyndaky dermanlyk serişdelerini bellige almak we döwlet hil gözegçiligi merkeziniň seljermeleriniň netijeleri boýunça Russiýanyň “EpiWakKorona” ikinji sanjymyny bellige almak hakynda şahadatnama gowşuryldy.

Bu sanjym Russiýa Federasiýasynyň sarp edijileriň hukuklaryny we adamlaryň abadançylygyny goramak babatda gözegçilik boýunça “Wektor” Federal gullugyň wirusologiýa we biotehnologiýa döwlet ylmy merkeziniň” federal býujet edarasynda işlenip taýýarlanyldy.

Sanjyma bellige alyş şahadatnamasynyň gowşurylmagy bu serişdäniň ýurdumyzda satyn almaga we peýdalanmaga ygtyýar berilýär.

Ýakynda Türkmenistanda “Gam- KOWID-Wak” garyşyk sanjymy bellige alyndy. Ol “Sputnik V” söwda nyşany bilen bellidir. Bu iki ulgamly sanjym Russiýanyň Nikolaý Gamaleý adyndaky epidemiologiýa we mikrobiologiýa ulgamy boýunça ylmy-barlag edarasy tarapyndan taýýarlanyldy.

“EpiWakKorona” täze sanjym synagdan geçirilip, onuň ýokary howpsuzlyk derejesine eýedigi tassyklanyldy. Şonda onuň netijeliligi 100 göterime deň boldy.

“Sputnik V” sanjymyndan tapawutlylykda, ol peptid häsiýetlidir. Bu serişdede hereketiň başga ugry emele gelýär: serişde emeli sintizirlenen gysga belokäpeptid koronawirus serişdelerinden ybaratdyr. Onuň üsti bilen immuno ulgamy öwrenilýär, soňra ol ýokanjy ýok edýär.

Türkmenistan Russiýa Federasiýasyndan soň, “EpiWakKorona” sanjymyny bellige alan dünýäde ilkinji döwlet bolup durýar. Şeýle hem Türkmenistan öz çäginde Merkezi Aziýada resmi taýdan “Sputnik V” sanjymyny bellige alan döwletleriň onlugyna girýär.

Keselleriň öňüni almak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň möhüm ugrudyr. Ýurdumyzda keselleriň öňüni alyş işleri ulgamlaýyn esasda amala aşyrylýar. Häzirki döwürde Türkmenistanda keselleriň 14 görnüşine garşy sanjymlaryň 13-si tölegsiz geçirilýär.

Welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň we obalaryň lukmançylyk edaralarynyň ýöriteleşdirilen ammarlarynda sanjymlary we beýleki serişdeleri degişli derejede saklamak üçin ähli zerur şertler bar.

Täze sanjymyň bellige alynmagy ýokanç kesellere garşy göreşmekde we ylmy-lukmançylyk edaralarynyň köptaraply gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda nobatdaky ädimdir. Milli Liderimiz şu ugruň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär we bu babatda birnäçe halkara başlangyçlaryny öňe sürýär. Şeýlelikde, ýurdumyz BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan BMG-nyň agentlikleri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesellere garşy durmaga taýýarlygyny üpjün edýän Meýilnama taýýarlanyldy. 2020-nji ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň Karary bilen meýilnamany tassyklady. Bu meýilnamanyň çäreleri BSGG-niň Ýurt edarasynyň, BMG-niň agentlikleriniň goldaw bermeginde Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň işine ornaşdyrylýar.

Geçen ýylyň iýul aýynda Türkmenistanda pandemiýa ýokanjyna garşy göreşmek boýunça gyssagly durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistan täze wehime garşy göreşmekde ygtybarly binýat döreden beýleki ýurtlar bilen tejribe alyşmaga we bu ýokanjyň ýaramaz täsirleriniň öňüni almaga gönükdirilen işler boýunça pikir alyşmaga örän jogapkärçilikli çemeleşýär. Şeýle hem ýurdumyz beýleki ýurtlar we halkara guramalary bilen bilelikde, bu ugurda ýokary derejä ýetmek maksady bilen, özüniň toplan tejribesini paýlaşmaga taýýardyr.

Halkyň saglygy we abadançylygy baradaky alada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Munuň özi keselleriň öňüni almak boýunça öňde durýan wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşmegi talap edýär. Ilata ählumumy derejede sanjym geçirmek, bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmek we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça maksatnamalar hem-de taslamalar özüniň oňat netijesini berýär.
Okalan sany: 279   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07212 sek. ýüklenen baýt: 35793