Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Daşary döwletlere okamaga gitjek türkmen talyplaryna sanjym ediler
Ýazylan wagty: 31 января 2021 Ýazan Merwww

Daşary döwletlere okamaga gitjek türkmen talyplaryna sanjym ediler

Daşary döwletlere okamaga gitjek türkmen talyplaryna sanjym ediler

Türkmenistanyň raýatlaryna hem-de daşary döwletlere okamaga gitjek talyplarymyza barýan ýurtlarynda ulanylýan sanjymlara görä, sanjym geçiriler. Türkmenistana gelýän daşary ýurtly raýatlardan öz ýurtlarynda degişli sanjym alandyklaryny tassyklaýan güwänama talap ediler, şeýle hem isleg bildirýän sanjymlaryny Türkmenistanda hem ulanar ýaly mümkinçilik dörediler. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün geçiren iş maslahatynyň çäginde degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berdi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow  Türkmenistanyň bellige alan “Sputnik V” sanjymynyň ähmiýeti barada aýdyp, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň öňüni alyş çärelerini geçirmek boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýokanç keselleriň garşysyna göreşmek we olaryň öňüni almak boýunça işleri dowam etmegiň, öňümizde ýetip gelýän ýaz-tomus pasyllary bilen baglylykda, zerur bolsa güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdy.
Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BSGG tarapyndan ykrar edilen derman serişdelerini we sanjymlaryny bellige almak boýunça işleri dowam etmek babatda saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany keselleriň öňüni almak ugrunda ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn çäreleriň barşynda üç halkalaýyn düzgüniň berk berjaý edilişini hem-de agyz-burun örtükleriniň halkara kadalaryna laýyk gelmegini hem-de bellenilen möhletine çenli ulanylyşyny berk gözegçilikde saklamak hem-de bu babatda ilatyň arasynda düşündiriş işlerini yzygiderli alyp barmak barada tabşyryklary berdi.


Okalan sany: 27   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07367 sek. ýüklenen baýt: 33149