Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Sport bagtyýarlyk zamanamyzda
Ýazylan wagty: 26 ноября 2013 Ýazan Mayichka

 

 Sport bagtyýarlyk zamanamyzda

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmen sporty täze ösüşlere eýe bolup, dünýä dolýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriň netijesinde, bu gün eziz Diýarymyz ykdysady we ruhy-medeni taýdan örän kuwwatly döwlete öwrüldi. Ol dünýäniň  sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň hatarynda öz mynasyp ornuny eýeledi”  diýen parasatly sözleri her bir türkmenistanlyny, şol sanda türkmen türgenlerimizi ata Watanymyzyň hatyrasyna täze üstünliklere, beýik ýeňişlere ruhlandyrýar. Ýakynda Guşakly göreş boýunça ýaşlaryň arasynda Garaçaý Çerkesowda tamamlanan dünýä çempionatynda ildeşlerimiz ýeňişlerini baýram etdiler. 13-16-njy Noýabrada Russiýa Federasiýasynyň Başgartastan Respublikasynyň Salawat şäherinde sportuň guşakly göreşi boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasynda Dünýä çempionaty geçirildi. 33 döwletden 400-e golaý türgeniň gatnaşan bu dünýä ýaryşynda ýurdumyzyň  ýygyndy toparynyň umumylykda ikinji orny eýelemeklerini üpjün etdi.  2013-nji ýylyň başyndan häzirki wagta çenli halkara ýaryşlarynda türkmen türgenleri tarapyndan gazanylan medallaryň sany umumylykda 262-ä ýetdi. Olardan  altyn medallaryň 96 sanysynyň, kümüş medallaryň 89-nyň we bürünç medallaryň bolsa 77-si gazanyldy.  

      Hormatly Prezidentimiz 18-nji Noýabrda geçiren wideo şekilli iş maslahatynda halkara ýaryşlarynda tapawutlanan türgenleri ajaýyp üstünlikleri bilen gutlap ýurdumyzda döredilýän häzirki zaman sport düzümleriniň mümkinçiliklerini doly peýdalanmagyň milli aýratynlyklarymyzyň öňde baryjy daşary ýurt tejribesiniň tälimçilik işinde nazara alynmagynyň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V -nji Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek babatda guramaçylyk işlerini işjeňleşdirmek boýunça görkezme berip, ýaş başarnykly türgenleri goldamagyň sport ulgamyny hünärli mugallymlar, tälimçiler maddy enjamlaýyn serişdeler bilen üpjün etmegiň bu işde esasy ugurlaryň biri bolup durýanlygyny aýtdy.  V -nji Aziýa oýunlaryny geçirmäge toplumlaýyn taýýarlyk görmek boýunça şol sanda maddy enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak, täze sport desgalaryny gurmak, sport ulgamynyň işgärler bilen üpjünçiligini berkitmek, tälimçiler düzümüniň hünärini hem-de türgenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmak boýunça Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary hem ýerine ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürlüp, güýçli depginde gurluşygy alnyp barylýan we ilkinji nobatdakysynyň indiki ýyl ulanylmaga tabşyrylmagy göz öňüne tutulan “Olimpiýa şäherjiginiň” gurluşygy barha ýaýbaňlanýar. Bu işler daşary ýurtlardan gelýän  sport hünärmenleriniň hem ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Döwrebap sport desgalarynyň gurluşyklary, sport desgalarynyň menejmenti, Olimpiýa oýunlarynyň dolandyrylyşy, onuň goragynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilişindäki hyzmatlar barada hem uly işler edilýär.

Okalan sany: 488   Jogaplar: ( 2 )

asmandakebelejik
26 ноября 2013

goodsag bol mayiçka, häzirki wagt t-da sport bilen meşgullanyanlar we sport bilen özüni tanadýanlar gaaty köpeldi, göriňä bu medallary tüweleme, yene-yene köpelsin. 

shutnick
26 ноября 2013

tuweleme howri kan bolsun


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05818 sek. ýüklenen baýt: 34463