Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” medalynyň şekil taslamasy makullanyldy
Ýazylan wagty: 31 января 2021 Ýazan Merwww

“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” medalynyň şekil taslamasy makullanyldy

“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” medalynyň şekil taslamasy makullanyldy

Alabaý itleriniň bäsleşiginiň jemleri boýunça ýeňijä gowşuryljak “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” medalyň şekil taslamasy makullanyldy. Gurbanguly Berdimuhamedow medalyň Düzgünnamasyny taýýarlamak barada tabşyryklary berdi.

Şekil taslamalarda sekizburçlugyň içinde “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen ýazgy aýlaw görnüşde ýerine ýetirilipdir we onuň aşagynda 2021 diýen ýyl ýazgysy ýerleşdirilipdir. Medalyň ýüz tarapyndaky bu görnüşleriň merkezini alabaýyň şekili bezeýär.
Medalyň arka tarapynda aýlaw görnüşde “Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy” diýen ýazgy bar. Onuň merkezinde bolsa Ýer togalagynyň şekiliniň ýüzünde türkmen alabaýynyň kellesi — bu assosiasiýanyň nyşany ýerleşdirilipdir. Medal alajalar bilen berkidiler.

Okalan sany: 236   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05928 sek. ýüklenen baýt: 32024