Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanda arid zolagyň meselelerini öwrenýän bejeriş-öňüni alyş edarasy gurlar
Ýazylan wagty: 31 января 2021 Ýazan Merwww

Türkmenistanda arid zolagyň meselelerini öwrenýän bejeriş-öňüni alyş edarasy gurlar

Türkmenistanda arid zolagyň meselelerini öwrenýän bejeriş-öňüni alyş edarasy gurlar

Täze guruljak Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde geljekde ýurdumyzda we sebitde köp duş gelýän keselleri, şol sanda süýjüli diabet, dem alyş ýollarynyň we gan aýlanyş ulgamynyň, madda çalşygynyň kesellerini, aralýaka sebitiň adamyň saglygyna oňaýsyz täsirini, dermanlyk ösümlikleriň melhemlik täsirini, allergologiýanyň we immunologiýanyň, kadaly iýmitlenmegiň, fiziki işjeňligiň, sportuň we zähmetiň fiziologiýasyny öwrenmek, şeýle hem bu ugurlar boýunça kliniki, okuw, ylmy we barlaghana işlerini alyp barmak meýilleşdirilýär.

Bu barada wise-premýer Ş.Durdylyýew we saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow penşenbe güni geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutanyna habar berdiler.
Bu merkeziň düzüminde ylmy-kliniki barlaghana, fiziologiýa, diabet we umumy bölümler hem-de Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň degişli kafedralary üçin okuw otaglary we beýleki bölümleri göz öňünde tutulýar.
Bu merkez bäş gatdan ybarat bolup, onuň gurluşyk meýdany 6 gektara barabar bolar. Desganyň ýanaşyk ýerinde 240 orunlyk awtoduralgany gurmak meýilleşdirilýär. Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi ýurdumyz boýunça arid zolagyň meselelerini öwrenýän merkezi bejeriş-öňüni alyş edarasy bolup hyzmat eder.

Okalan sany: 231   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,10005 sek. ýüklenen baýt: 32648