Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygy Türkmenistanda geçirilen dabarada çykyş etdi
Ýazylan wagty: 31 января 2021 Ýazan Merwww

BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygy Türkmenistanda geçirilen dabarada çykyş etdi

BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygy Türkmenistanda geçirilen dabarada çykyş etdi
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen dabarada BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygy Wolkan Bozkyr wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly çykyş etdi.
BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň w.w.ý.ý we ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Kristina Weýgandyň alyp barmagynda geçirilen dabarada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewanyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Hadi Suleýmanpuryň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewiň, ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň Başlygy Altaý Jengizeriň, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýanyň, ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň Afrika ýurtlary boýunça orunbasary Firmin Eduard Matokonyň, Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy Guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Lassina Zerbonyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki sebitleýin hem-de halkara guramalaryň, şeýle-de käbir ýurtlaryň wekilleri çykyş etdiler.
Daşary ýurtly myhmanlar bu dabara onlaýn tertibinde gatnaşdylar.

Okalan sany: 25   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08428 sek. ýüklenen baýt: 31662