Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistan koronawirusa garşy «EpiWakKorona» sanjymyny bellige aldy
Ýazylan wagty: 31 января 2021 Ýazan Merwww

Türkmenistan koronawirusa garşy «EpiWakKorona» sanjymyny bellige aldy

Türkmenistan koronawirusa garşy «EpiWakKorona» sanjymyny bellige aldy

Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň «Wektor» wirusologiýa we biotehnologiýa döwlet ylmy merkezi tarapyndan işlenip düzülen ikinji rus sanjymyny — «EpiWakKorona» sanjymyny bellige aldy.

Degişli şahadatnama Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýanyndaky Dermanlary hasaba almak we döwlet gözegçiligi merkezi tarapyndan berildi, diýip Orient agentligi habar berýär.
Şahadatnama gowşurmazdan ozal, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi sanjymyň bilermenlik seljerme işlerini geçirdi.
Bellige alyş şahadatnamasy ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almak üçin bu sanjymyň satyn alynmagyna we ulanylmagyna mümkinçilik berýär.
«EpiWakKorona» sanjymy Russiýada 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda hasaba alyndy we hasaba alyşdan soňky kliniki synaglardan geçdi. Belläp geçsek, Türkmenistan bu sanjymy resmi taýdan bellige alan ilkinji ýurt boldy.
Habar berlişi ýaly, Rospotrebnadzoryň Epidemiologiýa merkezi ylmy-barlag institutynyň wekilleri häzirki wagtda Aşgabada geldiler.
Öň, 2021-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Sputnik V» sanjymyny bellige alypdy hem-de degişli şahadatnamany beripdi. Türkmenistan Merkezi Aziýada «Sputnik V» sanjymynyň ulanylyşyny resmi taýdan makullan ilkinji ýurt bolupdy.
Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustiniň aýtmagyna görä, «EpiWakKorona» sanjymynyň uly göwrümli önümçiligi fewral aýynda başlanar.

Okalan sany: 27   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07713 sek. ýüklenen baýt: 33033