Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
“Toyota” soňky bäş ýylda ilkinji gezek dünýä awtoulag satuwynda öňe geçdi
Ýazylan wagty: 31 января 2021 Ýazan Merwww

“Toyota” soňky bäş ýylda ilkinji gezek dünýä awtoulag satuwynda öňe geçdi

“Toyota” soňky bäş ýylda ilkinji gezek dünýä awtoulag satuwynda öňe geçdi

“Toyota Motor” kompaniýasy 2020-nji ýylda dünýäde satylan ulaglaryň sany boýunça 1-nji orny eýeledi. Bu barada inforeactor.ru habar berdi.

“Toyota”-nyň metbugat beýanatyna görä, konsern 9,53 milliondan gowrak awtoulag satmagy başardy. Munuň özi soňky 5 ýylda ilkinji gezek dünýä awtoulag satuw bazarynda kompaniýanyň öňdebaryjylygyny üpjün etdi.
Koronawirus pandemiýasy “Toyota”-ny 2020-nji ýylyň ahyrynda önümçilik kuwwatyny rekord derejä çenli artdyrmakdan saklap bilmedi. Kompaniýanyň ösüşindäki duýdansyz özgeriş Hytaýda markanyň awtoulaglaryna bolan islegiň ýokarlanmagyndan soň bolup geçdi.
Beýleki bazarlar barada aýdylanda bolsa, Ýewropada "Toyota" 960,000 sany önüm öndürdi diýip, çeşme habar berýär.

Okalan sany: 282   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07078 sek. ýüklenen baýt: 32201