Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär
Ýazylan wagty: 31 января 2021 Ýazan Merwww

Türkmenistan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Türkmenistan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

29-njy ýanwarda «Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň we Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň arasynda Beýik Ýüpek ýolunyň Zerewşan-Garagum geçelgesiniň şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasynyň sanawyna bilelikde hödürlemek, dolandyrmak we goramak hakynda Ylalaşygyna» gol çekmek dabarasy geçirildi.

Türkmen tarapyndan bu resminama Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow gol çekdi.
Onlaýn görnüşinde geçirilen gol çekmek dabarasyna ÝUNESKO-nyň Pariždäki merkezi edarasynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Bu resminama gol çekmek bilen türkmen tarapy sebit hem-de halkara derejelerinde medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen köpugurly gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ygrarlydygyny we bu ugurdaky tagallalaryny ýene-de bir gezek äşgär etdi.


Okalan sany: 24   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08373 sek. ýüklenen baýt: 32653