Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Parasatly Sözler...
Ýazylan wagty: 26 ноября 2013 Ýazan Asmandakebelejik

***
Dünýädäki iñ gynandyrýan zatlardan biri, bir wagtlar biri-biriniñ hemme zadyny bilýän iki adamyñ, düýbünden nätanyş ýaly bolmagydyr...

***
Käte ýüregimde duýgy doly bir zat emele gelýär,düşündirip bilemok. Gürlemegi unutýan şol wagt. Gözlerim bilen aýtýan hemme zady,ýöne hiç kim görmeýär...

***
Bolmaz diýän nämäñ bolsa hemmesi bolar. Ýykylmaryn diýip ýykylarsyñ, üýtgemerin diýip üýtgärsiñ,öldüm diýip durarsyñ ýöne şonda-da ýaşarsyñ...

***
Şol gyz bolmasa başgasy bolar diýene erkek diýilýär. Şol gyz bolmasa başgasy bolmaz diýene hakyky erkek oglan diýilýär...

***
Hudaýjan söýýän gulunyñ ýüregini, söýýän gulunyñ ýüregi bilen birleşdirer...

***
Meni söý ýa-da ýigren, ikisi hem meniñ peýdama. Söýseñ mydama ýüregiñde bolaryn,ýigrenseñ mydama 
aklyñda...

***
Gülmek her wagt bagtly bolmak üçin däldir. Käte şeýle bir gülmeler bardyr: iñ uly ajylary gizlemek üçindir...

***
Käbir oglanlar köp puluñ ähli gyzlary eredibiljegini düshüner, ýagny köp makýažly gyzyñ özüni owadan hasap etmesi ýaly.

***
Söýgi sözlügüni ünsli ulanmalysyñ. Dodaklaryñdan añsatlyk bilen aýdylan o sözjük bashga bir adamyñ bagtsyzlygyna sebäp bolupbiler.

***
Tanyshmadyk bolsak, gije ýatamda dünýade sen ýaly biriniñ barlygyny bilmän ýatypgalardym.

***
Bir öýde söýgi bolmaly, bagt bolmaly, gawanjañlyk bolmaly, göwnede degishmeli, ýarashmalam, ýöne ilki bir öý bolmaly, ol öýde-de SEN bolmaly.

***
Adamyñ çaýyny demlejek bir söýýäni bar bolsa, diýmek o ýalñyz däldir.

***
Bir tarapdan hiç ýatlamazlyk üçin ýatdan çykarmak islärsiñ, bir tarapdan-da bu dünýäde seni ondan bashgasynyñ bagtly edibilmejegini düshünersiñ.

***
Söýmelisiñ, ýeke galañda aklyña geleni däl-de, hiç aklyñdan çykmaýany söýmelisiñ!..

***
Käwagt sessiz bolmak, göwnüñe degilenini bildirmegiñ iñ gowy ýoludyr.

***
Gaharlananda gözleri dolýan adamdan zyýan gelmez.

***
Adamlary tanadygymça ýalñyzlygy söýýän.

***
1 ýalñyş, 1 ýalan, 1 aýdym, 1 adam, 1 hakykat, 1 söz, 1 sms, 1 sekuntda durmuşymyzy üýtgedip biler...

***
Onuñ ýüregi başga biri üçin urmaga başlanda, seniñki durar...

***
Men ýanyñda wagtym gadrymy bilmeseñ, gadrymy bilen günüñ meni ýanyñda tapmarsyñ...

***
Biriniñ ýatmazyndan öñürti edýän dogasynda ýer almak, durmushda bolubiljegiñ iñ gowy ýerlerdendir.

***
Söýgi-çagakañ klasda paltoñy halaýan gyzyñ paltosynyñ üstünde goýmakdyr.

***
Bagyshlamak añsat, asyl kyn bolan täzeden ynanmak.

Okalan sany: 14885   Jogaplar: ( 2 )

shutnick
26 ноября 2013

onem bir yerlerde okapdym gereklisini alyp yatladym mena...... 

Mayichka
26 ноября 2013

menä öň ýazylanlaryň hiç birini hiç ýerde okamandym. Şu ýazylanlary okamak nesibämde bar eken,diýseň gowy.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06515 sek. ýüklenen baýt: 36838