Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Gurluşyk we senagat toplumynyň düzümlerinde maglumat howpsuzlygy bölümi açylar
Ýazylan wagty: 31 января 2021 Ýazan Merwww

Gurluşyk we senagat toplumynyň düzümlerinde maglumat howpsuzlygy bölümi açylar

Gurluşyk we senagat toplumynyň düzümlerinde maglumat howpsuzlygy bölümi açylar

Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzüminde «Maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar» bölümini açmak boýunça işler alnyp barylýar.

Bu işleriň ýerine ýetirilişi barada wise-premýer Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Belläp geçsek, 2020-nji ýylyň 27-nji awgustynda ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek hakynda gol çekilen Karary ýerine ýetirmek maksady bilen, Gurluşyk we binagärlik, Energetika ministrlikleriniň hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň merkezi edaralarynyň düzüminde degişli düzümi döretmek teklip edilýär.
Döwlet Baştutany milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça öňde durýan wajyp wezipelere ünsi çekip, sanly ulgamy ähli düzümlere giňden ornaşdyrmak boýunça wise-premýerler Ş.Durdylyýewe hem-de B.Öwezowa tabşyryklary berdi.

Okalan sany: 30   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09224 sek. ýüklenen baýt: 32756