Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Azyk we oba hojalyk önümçiligini artdyrmak boýunça maksatnama taýýarlanylýar
Ýazylan wagty: 31 января 2021 Ýazan Merwww

Azyk we oba hojalyk önümçiligini artdyrmak boýunça maksatnama taýýarlanylýar

Türkmenistanda azyk we oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmagyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanylýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada wise-premýer Ç.Gylyjow Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, azyk we oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň çäklerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň önümçilik taslamalarynyň 88-sini amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Munuň özi diňe bir içerki bazarlary ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň eksport möçberini artdyrmaga-da mümkinçilik berer.
Şunuň bilen baglylykda, degişli Maksatnamanyň taslamasy türkmen Lideriniň garamagyna hödürlenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek, oba hojalygy pudagynyň işini kämilleşdirmek, gaýtadan işleýän önümçiligi we ýurdumyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini artdyrmak boýunça başy başlanan işiň netijeli dowam etmegi zerurdyr diýip belledi we bu babatda wise-premýerler Ç.Gylyjowa hem-de E.Orazgeldiýewe anyk tabşyryklary berdi.

Okalan sany: 276   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07290 sek. ýüklenen baýt: 32446