Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Lebap welaýatynda güýçli ýel turdy
Ýazylan wagty: 19 марта 2021 Ýazan NEXTTM

Lebap welaýatynda güýçli ýel turdy



19-njy martda, sagat 16:15-den 18:00 çenli Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherini demirgazyk-günbatardan 22 m/s ýetýän güýçli şemal gurşap aldy.
Türkmenistanyň gündogar sebitinde, ýagny Türkmenabat şäheri we onuň töweregindäki sebitlerde bolan tupan, ýaşaýyş jaýlaryň we döwlet edaralaryň üçeklerine zeper ýetirip, gartaşan agaçlary döwdi. Güýçli gelen ýelden soň, ýeňil ýagyş ýagdy.
Kommunal işgärleriniň aýtmagyna görä, güýçli gelen ýel 15 töweregi jaýyň üçeklerini we birnäçe mekdepleriň hem-de çagalar baglarynyň binalaryna bölekleýin zyýan ýetirendigini habar berdiler.
Tüweleýde zyýan ýeten edara binalary tiz wagtda düzetmeklik maksady bilen welaýat polisiýanyň, kommunal işgärleriniň we beýleki gulluklaryň işgärlerinden ybarat bolan merkez toparlar döredilip, raýatlardan arzalary kabul etmeklik üçin ýörite gulluk telefon liniýasy işe girizildi. Şeýle-de bu bolan hadysany tiz wagtda düzetmeklik üçin ýüzlerçe işgärler we tehniki serişdeler bilen üpjün edilen.
Şol bir wagtda şäherde elektrik togy we suw üpjünçiligi dikeldildi we güýçli turan ýeliň yzyny arassalamak, ýykylan agaçlary aýyrmak we üçekleri bejermek boýunça çäreler başlandy.

Maglumatyň çeşmesi: Gundogar-news.com
Okalan sany: 423   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06650 sek. ýüklenen baýt: 30639