Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Kiçi Balkan dagynyň gözel tebigaty
Ýazylan wagty: 26 апреля 2021 Ýazan NEXTTM
Türkmenistanda iň kiçi we ýaş daglaryň biri Kiçi Balkan bolup, ol Köpetdag bilen Uly Balkan daglaryň aralygynda ýerleşýär. Ol Köpetdagdan Däneata dagara çöketligi, Uly Balkandan hem Balkan dagara çöketligi arkaly bölünip aýrylýar. Kiçi Balkan giňişleýin 15-20 kilometre uzalýar. Onuň uzynlygy 30, ini 12 kilometre golaý bolup, iň belent nokady 774 m-e ýetýär, deňiz derejesinden beýikligi bolsa 779 metre deňdir. Dagyň günortasynda Däneata çöketligi, Kelkör şorlugy, günbatarynda Gumdag, Syrtlanly, Hudaýdag, Monjukly, Göbek, Balkanabat antiklinal göterilmeleri uzalýar, gündogar tarapyny bolsa Garagum çöli gurşaýar. 
Bu ýerde daglar üçin häsiýetli bolan kert we uçut gaýalar, giň dereler we jülgeler ýok, çöller üçin mahsus bolan landşaft bar. Topragynda Köpetdagda, Uly Balkanda, Krasnowodsk platosynda, Tagtabazaryň, Sarahsyň we Duşagyň töwereginde we başga-da birnäçe ýerlerde duş gelýän kükürtli çökündi jynslar bar. 
Suw çeşmeleriniň azdygyna garamazdan, Kiçi Balkan bol düşýän ygalyň hasabyna ýaz paslynda gözel görnüşe girýär. Onuň eteklerinde ýowşan, tetir, dürli efemerler hem-de gyrtyç bilen ýylak ýaýrandyr. Daga golaý ýerde ýerleşýän Gumdag şäheriniň ýaşaýjylary ýaz aýlarynda bu ýere maşgalalary bilen gezelenje gelýärler we tebigatyň gözelliklerinden lezzet alýarlar. Dagyň özboluşly tebigy aýratynlygy kalbyňda ýakymly duýgulary oýarsa, arassa howasy nepesiňi durlaýar, dermanlyk ösümlikleriniň hoşboý ysy bolsa adamy rahatlandyrýar we daýandyrýar. Şonuň üçinem dynç alyş günlerinde bu ýerde çagalaryň şadyýan sesleri daş-töwerege ýaň salýar.

Okalan sany: 238   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,13166 sek. ýüklenen baýt: 30070