Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Sport — sagdynlyk, ruhubelentlik
Ýazylan wagty: 26 апреля 2021 Ýazan NEXTTM

Balkanabat şäherindäki Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilen welaýat Polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň bilelikde guramaklarynda «Sport — sagdynlyk, ruhubelentlik» atly çäre geçirildi. Onda sporty we bedenterbiýäni ösdürmekde, ýurduň daýanjy bolan ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly adamlar bolup ýetişmeklerini, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekligi barada gürrüň edildi. 
Soňra bu ýerde hünär öwrenýän ýetginjekler öz aralarynda toparlara bölünip, sportuň welo we moto görnüşleri boýunça ýaryşdylar. Dürli päsgelçiliklerden geçmegi başaran ýetginjekler sportuň bu görnüşlerinde hem taplanýandyklaryny subut etdiler.

Okalan sany: 289   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06065 sek. ýüklenen baýt: 29326