Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Maldarçylygyň kämilleşmegi
Ýazylan wagty: 26 апреля 2021 Ýazan NEXTTM

Balkan welaýatynda maldarçylyk esasy ösen ugurlaryň biri hasaplanylýar. Bu ýerde maldarçylyk üçin ähli şertleriň bardygyny we öri meýdalaryň agdyklyk edýändigini görkezmek bolar. Häzirki wagtda Balkan welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Serdar etrabynyň «Gyzylarbat», Türkmenbaşy etrabynyň «Balkan» we Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak boýunça üstünlikli zähmet çekýärler. Degişli hünärmenler tarapyndan maldarçylyk hojalyklarynda bakylýan dowarlardyr düýelere, ýaş mallara zooweterinariýa hyzmaty göreldeli ýola goýulýar. Bu bolsa maldarçylygyň utgaşykly ösmegine alyp barýar. 
Okalan sany: 253   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06308 sek. ýüklenen baýt: 29134