Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ýyladyşhananyň ter gök önümleri
Ýazylan wagty: 26 апреля 2021 Ýazan NEXTTM

Golaýda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan ýyladyşhana ulanylmaga berildi. Onuň umumy tutýan meýdany 4 gektar bolup, ýylda 200-250 tonna gök önümleri ýetişdirmek göz öňüne tutulýar. Gysga wagtyň dowamynda ýyladyşhananyň işgärleri tarapyndan ýokary hili we köp öndürijilikli tomat görnüşli hem-de beýleki gök-bakja önümlerini ösdürip ýetişdirýärler.  
Ýyladyşhana ösdürilip ýetişdirilýän gök önümler diňe bir içerki sarp edijilere ýetirilmän, eýsem, daşarky bazarlara, ýagny Gazagystan, Russiýa döwletlerine eksport edilýär.
Türkmenistanyň öňde goýan meýilnamasyna laýyklykda, daşary ýurtlardan gelýän öňümleriniň ornyny tutmak we ýurdymyzda önümçiligiň mukdaryny köpeldip eksporda ukyply harytlary öndürmeklige uly üns berilýändigini bellemek bolar.

Okalan sany: 266   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06212 sek. ýüklenen baýt: 29570