Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Kesbi ajayyp Aşgabat
Ýazylan wagty: 26 апреля 2021 Ýazan NEXTTM
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýlaryny uludan tutýar. Gözel paýtagtymyzyň günorta-synda mundan sanlyja ýyl öň hem boş ýatan gojaman Köpetdagyň baýyrlygynda hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen gysga döwrüň içinde, täsin tebigata, gür baglyga bürenýän halkara derejeli şaýollar, kaşaň ýaşaýyş jaýlarydyr edara binalary, saglygy goraýyş desgalary peýda boldy. Paýtagtymyzyň bu künjegini synlanyňda ak şäherimiziň örän çalt depginlerdäki ösüşlerine, Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işlerine bolan buýsanjyň goşalanýar. Düýn bolsa bu künjegiň täsin binagärlik keşbiniň üstüni ýetirýän ak şäherimiziň Çandybil şaýolunyň ugrunda döwrebap binalaryň ikisi ulanmaga berildi. Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky-nyň hem-de Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze döwrebap bi-nalarynyň açylyş dabaralaryna hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Paýtagtymyzyň bu ajaýyp künjeginde hormatly Prezidentimiziň parasaty bilen döredilen türkmenistanlylaryň çuňňur hormat goýýan, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, bagtyýar ýaşaýşyny hem-de demokratik ýörelgelerini, häzirki zaman türkmen döwletliligini we kanunçylygyny dabaralandyrýan möhüm ähmiýetli desgalaryň ençemesi bar. Ak şäherimiziň beýik ösüşleri döwrüň belent ruhundan habar berýär.
Okalan sany: 261   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,17322 sek. ýüklenen baýt: 29887