Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Aşgabat — beýik özgertmeleriň kerwenbaşysy
Ýazylan wagty: 26 апреля 2021 Ýazan NEXTTM
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzda, şeýle hem Aşgabat şäherinde birnäçe uly gurluşyklar üstünlikli alnyp barylýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli özgertmek maksady bilen ýokary amatlyklary bolan birnäçe ýaşaýyş toplumlary ulanylmaga berildi. Olardan 11, 12, 13, 14, 15, 16-njy tapgyrlarda gurlan ýaşaýyş toplumlaryny, Parahat 7, Köşi, Gurtly we Çoganly ýaşaýyş toplumlaryny, Büzmeýin etrabyndaky ýaşaýyş toplumyny, Bagtyýarlyk etrabynyň «Täze zaman» ýaşaýyş toplumyny bu günki gün buýsanç bilen bellemek has-da ýakymlydyr. Bu toplumlarda diňe bir ýaşaýyş jaýlary gurulman, ol ýerde körpeler üçin döwrebap çagalar bagy, mekdep okuwçylary üçin ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan orta mekdepler, şeýle hem ýaşaýjylara ýokary hilli hyzmat etmek üçin dükanlar we beýleki hyzmat öýleri guruldy. Olaryň töwereklerinde dürli baglaryň ekilmegi, ýollaryň dünýä ülňülerine laýyklykda gurulmagy ýaşaýjylaryň medeniýetli dynç almagy üçin doly şert döredi. Şol ýaşaýyş toplumlarynyň ak mermer bilen bezelmegi we yşyklandyrmak üçin ýokary hilli enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy paýtagtymyzda özboluşly gözellik döredýär. «Täze zaman» ýaşaýyş toplumynda bir we iki gatly kottej jaýlaryň 1152-si, 600 orunlyk orta mekdep, 160 orunlyk iki sany çagalar bagy, saglyk öýi, azyk harytlar dükany häzirki wagtda ýaşaýjylara ýokary hilli hyzmat edýär.Ýaşaýyş jaýlar bilen bir hatarda, paýtagtymyzda dürli maksatly binalardyr desgalar toplumy hem gurlup ulanmaga berildi. Olardan ýokary we orta okuw mekdepleri, birnäçe medeni maksatly binalar, sport desgalary, seýilgähler, halkara howa menzili, işewürlik edara binalar toplumy, özünde ähli zerurlyklary bolan, dünýäniň ösen tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan Olimpiýa şäherçesini agzamak örän buýsançlydyr. Ak mermerli Aşgabat ýurdumyza gelýän myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Paýtagtymyzda öňden bar bolan ýaşaýyş jaýlaryň, edara binala-ryň we beýleki desgalaryň, şeýle hem şaýollaryň we köçeleriň dün-ýä ölçeglerine laýyklykda durky täzelendi. Çatryklarda köpugurly köprüler, pyýada ýolagçylar üçin birnäçe ýerasty we ýerüsti geçelgeler guruldy. Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly bilen Atamyrat Nyýazow şaýoluň çatrygynda «Mahabat» binasy gurlup, geçen ýylyň 28-nji oktýabrynda ulanmaga berildi. Şaýollar we köçeler paýtagtymyza özboluşly bezeg berýän yşyklandyryş ulgamy bilen üpjün edildi. Milli Liderimiziň gözel paýtag-tymyz Aşgabat şäherinde hem-de Diýarymyzyň ähli künjeginde gurulýan binalaryň, desgalaryň we ýollaryň ilki taslamasy bilen tanşyp, öz belliklerini etmegi we olaryň gurluşygyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 18-nji we 25-nji ýanwarynda paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe dürli maksatly desgalaryň gurluşygy we täze guruljak binalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Aşgabadyň günorta böleginde Köpetdagyň eteginde gurulýan binalar günsaýyn gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbini açýar. Çandybil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň Maslahatlar merkezinde, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynda, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynda, şeýle hem Arçabil bilen Çandybil şaýollaryň arasynda ýerleşýän kaşaň «Arkadag» myhmanhanasynda häzirki wagtda gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Türkmenistanyň Masla-hatlar merkezi 47 müň inedördül metrden gowrak meýdany tutýar. Onuň beýikligi 38,65 metr, ini190 metre deňdir. Toplumyň düzümine girýän üç desganyň ählisi umumy binagärlik çözgüdine eýe bolup, ýeke-täk toplumy emele getirýär.Umumy meýdany 2 gektardan gowrak bolan Hökümet münberi Gündogaryň köşk-ymarat gurluşygy usuly boýunça bina edilip, myhmanlar üçin 2 müň orunlykmünberi öz içine alýar. «Arkadag» myhmanhanasy 22,9 gektar meýdanda bina edilýär. Onuň düzümine oteliň binasy, işewürlik merkezi we opart-oteli girýär. Şeýle hem, bu taslama, gidropark bilen birleşýän uzynlygy 735 metr bolan derýany, köli we açyk howzy, suw çüwdürimleri, uzynlygy 600 metr bolan awtomobil ýoluny öz içine alýa Paýtagtymyzyň günorta künjegine bezeg berjek we belent ýerde ýerleşdirilen gündogaryň görnükli şahyry hem akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň beýikligi 60 metre, dia-metri 25 metre deň bolup, ol özboluşly gözellik döreder. 
Okalan sany: 262   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,10670 sek. ýüklenen baýt: 33221