Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Aşgabat täsinlikleriň şäheri
Ýazylan wagty: 26 апреля 2021 Ýazan NEXTTM
Ak şäherimizde gurulýan binalaryň ençemesi halkara derejesindäki maslahatlary, forumlary geçirmäge niýetlenendir. Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän söwda-dynç alyş merkeziniň, «Garagum» myhmanhanasynyň we onuň golaýynda ýerleşýän seýilgähiň, ýerasty geçelgeleriň gurluşyk işleri güýçli depgin bilen alnyp barylýar. Döwrebap seýilgähiň ýer böleginiň umumy meýdany 9,75 gektara barabardyr. Onuň uzynlygy 320 metre, ini 310 metre deňdir. Seýilgähde suw çüwdürimleriň 9-sy, şol sanda merkezde 1 uly we 8 sany kiçi suw çüwdürimler bu ýere gelýänleriň göwnüni joşdurar. Şeýle hem, bu ýerde suw howdanlarynyň 3-üsini gurmak meýilleşdirildi. Hormatly Prezidentimiz bu seýilgähi «Laçyn» diýip atlandyrmagy teklip etdi. Bu täze, döwrebap seýilgähde uly ýaşly adamlaryň we çagalaryň oňat dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Paýtagtymyzyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda 3 we 4 otagly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Milli Liderimiz şol jaýlary synlap, ýaşaýjylar üçin hemme zerur bolan üpjünçiligiň döredilmelidigine ünsi çekdi. Tähran köçesinde uly söwda-dynç alyş merkeziniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu merkezi hormatly Prezidentimiz «Aşgabat» diýip atlandyrmagy teklip etdi. Aşgabat şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän «Altyn kölüň» kenarynda paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 17-nji tapgyrynda ähli amatlyklary bolan, bezeginiň özboluşlylygy bilen tapawutlanýan kottej toplumlarynyň 10-usyny, edara ediş binasyny, lukmançylyk we söwda-hyzmat ediş merkezlerini, polisiýanyň we ýangyn howpsuzlyk gullugynyň bölümini, 500 orunlyk 2 sany awtoduralgany, seýilgähleri, köpçülikleýin medeni çäreleri geçirmek üçin meýdançalary, beýleki degişli desgalary gurmak hem-de zerur inžener-tehniki we ýol düzümini döretmek göz öňünde tutulýar. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 24-nji fewralynda paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de Aşgabady mundan beýläkde ösdürmek meseleleri boýunça maslahat geçirdi. Maslahatda gözel paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji we 18-nji tapgyrlarynda, şeýle hem ak mermerli Aşgabadyň demirgazyk künjeginde peýda boljak «Aşgabat-siti» şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde bina ediljek desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. «Aşgabat-siti» binagärlik taslamasynyň netijesinde paýtagtymyzyň içinde täze «akylly» şäheriň aýratyn orun eýelejekdigi bizi diýseň buýsandyrýar. Bu ýerde köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň, edara binalarynyň, medeni, ylym-bilim, saglygy goraýyş maksatly binalaryň, ýol-ulag düzüminiň, seýilgähleriň, milli binagärlik sungatymyz bilen dünýäniň ösen binagärlik tejribeleri esasynda utgaşdyrylyp gurulmagy meýilleşdirilýän taslama köpleriň ünsüni çekýär. 
Her ýyl paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti täze, özboluşly binalar we desgalar bilen ýetirilýär. Şolar paýtagtymyzyň özboluşly gözelligine gözellik goşýar. 2020-nji ýylyň 10-njy noýabrynda paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynda 12 gatly 48 öýli 6 sany we 72 öýli 10 sany ýaşaýyş jaýy, 5,5 km gowrak täze ýol, «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkezi ulanylmaga berildi. 
2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermerli binalaryň dünýäde bir ýere iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girdi. Şeýle hem, Oguz han suw çüwdürimler toplumy, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi, Halkara howa menzili, Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewi, Olimpiýa suw-sport toplumynyň sportuň suw görnüşleri merkezi täsin binagärligi bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Paýtagtymyzda «Abadançylyk», «Ýyldyz», «Ylym», «Ak bugdaý», «Sagdynlyk» binalary, Şükür bagşyň hormatyna dikeldilen ahalteke bedewinde arkasy dutarly türkmen ýigidiniň hem Magtymguly şaýolunyň ugrunda «Türkmen alabaýy» heýkelleri ilatymyzyň söýgüli ýerlerine öwrüldi. Berkarar döwletimiziň paýtagty Aşgabat täze taryhy ösüşi başdan geçirýär. Gözel paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokary hilli bolmagyny we şäherimizdäki önümçilik pudaklarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin inženerçilik kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek zerur bolup durýar. Şol maksat bilen hormatly Prezidentimiz uly işleri alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen paýtagtymyzyň elektrik, suw, gaz we ýylylyk üpjünçiligini ýokary derejede amala aşyrmak üçin birnäçe desgalar gurlup ulanylmaga berilýär. Aşgabatda we welaýatlarda amala aşyrylýan gurluşyklar adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga, şoňa görä-de, ekologiýa meselesine aýratyn üns berilýän taslamalara uly ähmiýet berilýär. 

Okalan sany: 266   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,14303 sek. ýüklenen baýt: 33802