Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
DIL ÖWRENMEK — KÄMILLIK
Ýazylan wagty: 15 августа 2021 Ýazan NEXTTM
Ýaş nesillere daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmekde, berilýän bilimiň hil derejesini ýokarlandyrmakda täze kompýuterleriň we enjamlaryň ähmiýeti uludyr. Şeýle asylly maksatlar göz öňünde tutulyp, orta we ýokary okuw mekdeplerimiziň maddy-enjamlaýyn binýady kämilleşdirildi we bilim bermegiň iň döwrebap usulyna geçildi. Daşary ýurt dillerini okatmagyň netijeleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi üçin mugallymlaryň ussatlygy has-da ýokarlandyrylýar. Munuň özi bilim bermegiň has-da kämil we döwrebap usullaryna geçilýändigini aýdyň beýan edýär.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Dünýä dillerini öwrenmek işleri üstünlikli ýola goýulýar. Bu ugurda ähli mümkinçilikler döredilip, degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Şonuň üçin hem bu günki ýaşlarymyz daşary ýurt dillerinde suwara sözleşip bilýärler, dünýä dillerindäki ylmy edebiýatlardan ýerlikli peýdalanmagy başarýarlar. Esasan hem ýaşlarymyz iňlis, rus, nemes, hytaý, ýapon dilleri ýaly dünýäde giň ýaýran dilleri oňat bilýärler. Bu bolsa dünýä dillerini öwrenmekde, bu dillerdäki edebiýatlary ene dilimize terjime etmekde we halklaryň dost-doganlygyny has-da ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle-de, ýaşlarymyzyň has-da kämilleşmeginde, dostlukly halklaryň medeniýetine has-da çuňňur düşünmeklerine oňat ýardam edýär.

Dünýä dillerini bilmek täze mümkinçilikleri döredýär. Ynha, ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurt dillerini öwrenýän talyplarynyň mysalynda hem muňa aýdyň göz ýetirýäris. Talyp ýaşlar kitaphanalarda bar bolan iňlis, rus dillerindäki kitaplary, gollanmalary ýerlikli peýdalanýarlar, bu kitaplaryň manysyna çuňňur düşünýärler. Okuw sapaklarynyň dowamynda bolsa geçilýän sapaklary has gowy özleşdirmek üçin dil taýýarlygy usulyýetleriniň netijeliligini wideoşekil görnüşinde baha bermäge mümkinçilik berýän interaktiw enjamlar bilen üpjün edilendir. Bu hem ýaşlaryň dil öwrenmekleri üçin iň täze usullaryň biridir. Şeýlelikde, ýaşlaryň kämilligi, dünýä dilleri öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Sebäbi aýdanyňda geljek ýaşlaryň sowatlylygy, ylym-bilimliligi bilen pugta baglanyşyklydyr.

Dil öwrenmek bilimiň wajyp ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda mugallymlar ýaşlarda kommunikatiw endikleri ösdürmäge, özbaşdak bilim almaga höwes döredýärler. Munuň üçin bolsa mugallymlar bilim bermegiň iň täze usullaryny we tejribelerini durmuşa ornaşdyrýarlar.
Okalan sany: 196   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07589 sek. ýüklenen baýt: 31122